Ýazylan
3-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (СOP16) çäklerinde geçirilen «Bitewi suw» sammitine gatnaşmak maksady bilen, Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparyny amala aşyrdy.
Hajy Arkadagymyz gadymdan gelýän däp-dessurlara eýerip, saparynyň ilkinji pursatlaryny Mekge şäherine baryp, mukaddes Käbä zyýarat etmekden başlady. Munuň özi asylly işleriň rowaçlyklara beslenmegini ýörelge edinen halkymyzyň däpleriniň dowamata atarylýandygynyň aýdyň beýany boldy.
Milli Liderimiz bu ýerde iki rekagat namaz okap, halkymyzyň abadan durmuşy, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, onuň at-abraýynyň has-da belende galmagy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz ýurdumyzyň ösüşiň hem-de rowaçlyklaryň belent sepgitlerine ýetmegi üçin doga-dileg etdi. Tutuş yslam dünýäsinde mukaddes saýylýan toprakda Käbä zyýarat edip, okan doga-dilegleriňiz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun, hajy Arkadagymyz!
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mekge şäherinden sammitiň geçirilýän ýerine tarap ugrady.
Gahryman Arkadagymyzyň uçary Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýad şäheriniň Patyşa Halid adyndaky Halkara howa menziline gondy. Sammite gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary bilen bezelen howa menzilinde düşelen haly ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny resmi adamlar garşyladylar.
Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzyň Saud Arabystany Patyşalygynyň resmi wekili bilen söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Şunda Türkmenistanyň Ýakyn Gündogaryň ýurtlary, şol sanda Saud Arabystany bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň giňeldilmegine uly ähmiýet berýändigi nygtaldy.
Milli Liderimiz “Bitewi suw” sammitiniň ählumumy meseleleriň oňyn çözgüdini işläp taýýarlamaga mümkinçilik döretjekdigine ynam bildirip, iki dostlukly ýurduň BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyna ýokary baha berdi.
Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasy çölleşmäge, topragyň şorlaşmagyna garşy göreşmek, gurakçylygyň täsirlerini peseltmek boýunça ýurtlaryň hem-de guramalaryň halkara, sebit we milli derejede tagallalaryny birleşdirmek maksady bilen kabul edildi. Konwensiýa gatnaşyjy taraplaryň maslahatynyň çäklerinde geçirilýän “Bitewi suw” sammiti barada aýdylanda, ol Durnukly ösüş maksatlarynyň biri bolan arassa agyz suwuna elýeterliligi üpjün etmek babatda tagallalary utgaşdyrmaga, suw meseleleriniň oňyn çözgütlerini ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirilendir.
Türkmenistan hemişe suwuň dünýä halklarynyň umumy gymmatlygy bolup durýandygyny hem-de her bir adamyň arassa agyz suwuna elýeterliliginiň üpjün edilmegini, bu meseläniň ýurtlaryň her biriniň bähbitlerini nazarda tutup, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda çözülmelidigini belleýär. Hormatly Prezidentimiziň 2022-nji ýylda geçirilen Aziýa — Ýuwaş umman suw sammitinde eden çykyşynda: “Biz suw serişdelerine deň we adalatly elýeterliligiň üpjün edilmegi hem-de onuň adamyň esasy hukugy hökmünde ykrar edilmegi ýörelgesine gyşarnyksyz ygrarlylygyň bu ugurda bilelikdäki işiň baş şerti bolmalydygyna berk ynanýarys. Biziň pikirimizçe, hut suwa elýeterlilik hukugynyň üpjün edilmegi we munuň üçin jogapkärçilik ähli döwletleriň borjy bolmalydyr” diýip bellemegi munuň aýdyň güwäsidir.
Ýurdumyz suw meselelerinde dünýä jemgyýetçiligi, ilkinji nobatda, BMG bilen yzygiderli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň BMG-niň tebigaty goramak bilen baglanyşykly ençeme resminamalaryna, şol sanda biologik köpdürlülik, ozon gatlagyny goramak, çölleşmäge garşy göreşmek, serhetüsti suw akymlaryny we halkara kölleri goramak we peýdalanmak hakynda Konwensiýalaryna, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda Konwensiýasyna, suw-batgalyk ýerler hakynda Ramsar konwensiýasyna, howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygyna, Ählumumy metan borçnamasyna goşulmak bilen, bu resminamalardan gelip çykýan borçnamalara yzygiderli eýerýändigini bellemek gerek. BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy we beýleki abraýly düzümler bilen bilelikde milli hem-de sebit derejesinde maksatnamalardyr taslamalaryň onlarçasy durmuşa geçirilýär.
Türkmenistanyň suw meselesi babatda öňe sürýän başlangyçlary anyk häsiýete eýe bolup, sebit ösüşiniň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň maksatlaryna laýyk gelýär. Şunda ýurdumyz öz toplan baý tejribesini hem-de döredijilik kuwwatyny tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirmegi ugur edinip, Merkezi Aziýada ýüze çykýan suw we ekologik meselelere sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini hasaba almak bilen, halkara guramalaryň işjeň gatnaşmagynda garalmagy ugrunda çykyş edýär. Türkmenistanyň öňe sürýän anyk başlangyçlary, şol sanda suw meseleleri boýunça köptaraplaýyn diplomatik geňeşmeleriň täze görnüşi hökmünde suw diplomatiýasyny ilerletmek babatda beýan edýän teklipleri Birleşen Milletler Guramasynyň möhüm maksatlary we wezipeleri, ilkinji nobatda, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmek boýunça wezipeler bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Garagum sährasynda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň döredilmegi ýurdumyzyň milli derejede durmuşa geçiren iri taslamalarynyň biridir. Bu täsin gidrotehniki ulgamyň gurulmagy möhüm ekologik, ykdysady, durmuş meselelerini üstünlikli çözmäge, Türkmenistanda, şeýle hem tutuş Merkezi Aziýa sebitinde uzak möhletleýin ekologik abadançylygy üpjün etmäge ýardam berýär.
...Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sammitiň geçirilýän ýerine — “The Ritz-Carlton” myhmanhanasyna geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud, Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makron, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we Bütindünýä bankynyň başlygy Ajaý Banga garşylady.
Döwlet hem-de Hökümet Baştutanlaryny, halkara guramalaryň ýolbaşçylaryny hem-de wekillerini bir ýere jemlän sammitiň gün tertibine bu möhüm ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmek, täze çözgütleri kabul etmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Sammitiň öňüsyrasynda wekiliýet ýolbaşçylarynyň bilelikdäki surata düşmek dabarasy boldy.
Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud sammiti açyp, oňa gatnaşyjylary mähirli mübärekledi hem-de şu gezekki duşuşygyň suw serişdeleriniň ählumumy dolandyrylmagyny kämilleşdirmek boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň alyp barýan işine goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. Soňra sammite gatnaşyjylara söz berildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sammitde çykyş etdi. Gahryman Arkadagymyz çykyşynyň başynda sammite gatnaşyjylara ýüzlenip, ilki bilen, Fransiýanyň, Gazagystanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň Hökümetlerine ählumumy gün tertibinde duran birnäçe möhüm meseleleri çözmäge ýardam etjek bu foruma gatnaşmaga çakylyk üçin minnetdarlyk bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki döwürde suw meselesi boýunça özara hyzmatdaşlygyň umumydünýä işleriniň möhüm bölegi bolup durýandygyny we onuň köp babatda Ýer ýüzünde durnuklylygy, ösüşi we abadançylygy üpjün etmekde mümkinçilikleri kesgitleýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, suwuň, sözüň doly manysynda, suw serişdeleriniň deň we adalatly ulanylmagy diňe bir syýasy-hukuk taýdan däl-de, eýsem, häzirki we geljek nesilleriň öňünde ahlak taýdan jogapkärçilik babatda hem aýgytly şert bolup çykyş edýär.
Suw meselesi boýunça köptaraply dialogyň netijesi kesgitlenende oňa gatnaşyjylar iki sany esasy düzgüne, ýagny suw serişdeleriniň aýawly ulanylmagyna hem-de adalatly paýlanylmagyna gürrüňsiz eýermelidir diýip hasap edýäris. Türkmenistan suwy ulanmaga halklaryň, her bir adamyň tebigy hukugynyň bardygyny hemişe berk we üýtgewsiz beýan edýär. Bu kadany geljekde-de Merkezi Aziýa üçin ähli aýdyňlygy bilen ulanarys. Sebitde suw serişdeleri birnäçe taryhy, medeni we tebigy-geografik ýagdaýlar sebäpli, aýratyn gymmatlyga hem ähmiýete eýedir. Biziň sebitimizde suw ykdysady, durmuş abadançylygynyň, adamlaryň maddy hal-ýagdaýynyň derejesini hem-de hilini kesgitleýän aýgytly şert bolup durýar diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. Şundan ugur alyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Merkezi Aziýada suw meselesiniň ähli toplumyna seredilende şu üç möhüm kadadan ugur almalydygyna ynanýandygyny belledi. Şolaryň birinjisi — halkara hukugyň berjaý edilmegi. Suw serişdeleri umumy baýlykdyr, onuň ulanylmagy umumy ykrar edilen kadalar, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň konwensiýasy esasynda düzgünleşdirilmelidir. Ikinjisi — özara bähbitleriň hasaba alynmagy. Kabul edilýän çözgütler sebitiň ähli döwletleriniň zerurlyklaryny göz öňünde tutmalydyr. Diňe şeýle çemeleşme adalatlylygy we durnuklylygy üpjün edip biler. Üçünjisi bolsa bu işe halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çekilmegidir diýip, Milli Liderimiz aýtdy we suw bilen bagly başlangyçlara Birleşen Milletler Guramasynyň gatnaşmagynyň olaryň kanunalaýyklygyny, netijeliligini berkitjekdigine ynam bildirdi.
Merkezi Aziýada hoşniýetli goňşuçylygy, ösüşi, hyzmatdaşlygy gorap saklamak we pugtalandyrmak, sebitiň serhetüsti derýalarynyň suwundan peýdalanmagyň usulyny ýola goýmak zerur bolup durýar. Şu maksat bilen, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda bu guramanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynda suwdan peýdalanmak boýunça ştab-kwartirasy Aşgabatda bolan sebit geňeşini döretmek başlangyjyna seretmegi teklip etdi. Şeýle hem Amyderýa we Syrderýa boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň konwensiýalaryny kabul etmegi çaltlandyrmagy öňe sürdi. Bu geňeş Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisi bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edip, suw hojalygyny dolandyrmagy utgaşdyrar. Sebitiň pudaklaýyn düzümleriniň arkalaşykly işlemegini gurar, suwdan peýdalanmagyň hukuk esaslaryny işläp taýýarlar. Biz Türkmenistanyň bu başlangyjynyň öz wagtynda öňe sürlendigine ynanýarys hem-de ol amala aşyrylanda, ýakyn geljekde sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda ösüşi üpjün etmäge ukyplydyr diýip hasap edýäris diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.
Gahryman Arkadagymyz howanyň üýtgemeginiň suw bilen bagly ýagdaýlara ýetirýän täsirine ünsi çekip, howanyň gyzgynlygynyň ýokarlanmagynyň, buzluklaryň azalmagynyň we ygalyň düzgüniniň üýtgemeginiň diňe bir bu ýagdaýlara uýgunlaşmagy däl-de, eýsem, bilelikde gyssagly çäreleri görmegi hem talap edýändigini belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri buzluklaryň Türkmenistandan uzakda ýerleşýändigine garamazdan, olaryň ýurdumyz üçin ägirt uly ähmiýetiniň bardygyna ünsi çekip, buzluklaryň sebitde ýaşaýşyň, oba hojalygyny, ekoulgamyň esasy serişdesi bolan Amyderýa ýaly derýalaryň tebigy çeşmeleri bolup durýandygyny aýtdy. Hormatly Arkadagymyz diňe häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak arkaly buzluklary gorap saklamagyň mümkindigine ynanýandygyny belläp, Türkmenistanyň buzluklara gözegçilik etmek, olary barlamak we goramak, şol sanda howanyň durnuklylygyny saklamak boýunça çözgütleri amala aşyrmak baradaky halkara başlangyçlara gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.
Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmaga işjeň gatnaşýan Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň esasy düzgünlerini iş ýüzünde ýerine ýetirmäge uly üns berýär. Şolaryň hatarynda altynjy maksady, ýagny arassa suwa deň elýeterliligi üpjün etmegi biz milli taýdan ileri tutulýan wezipe diýip hasap edýäris diýip, Milli Liderimiz sözüni dowam etdi hem-de ýurdumyzda bu maksady durmuşa geçirmek üçin täze suw desgalaryny gurmak, ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek üçin niýetlenen ulgamlary ösdürmek işleriniň yzygiderli esasda alnyp barylýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, halkara standartlar we iň gowy tejribeler esasynda gidrotehniki desgalaryň işlemegi üçin birnäçe ýörite maksatnamalaryň kabul edilendigine üns çekildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Amyderýanyň suwuny rejeli peýdalanmak meselesine Türkmenistanyň milli we sebit ösüşi üçin örän möhüm wezipe hökmünde garaýandygyny aýratyn belläp, ýurdumyzda suw ýitgilerini azaltmak üçin suwaryşyň häzirki zaman usullarynyň, suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygyny hem-de beýleki zerur çäreleriň geçirilýändigini aýtdy.
Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak we Aral meselesini bu guramanyň işiniň aýratyn ugruna öwürmek barada Türkmenistanyň başlangyjyna ünsi çekip, ýurdumyzyň başlangyjy boýunça kabul edilen «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly iki sany Kararnamasynyň bu babatda netijeli halkara hyzmatdaşlygy amala aşyrmak üçin esas bolup durýandygyny belledi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu guramanyň Aziýa — Ýuwaş umman üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň «Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny döretmegiň şertlerine seretmek» atly Kararnamasy barada aýdyp, Türkmenistanyň bu örän möhüm resminamalaryň kanunlaşdyrylmagyna Aral meseleleri boýunça ähli halkara işleriň kesgitleýji ugurlarynyň biri hökmünde garaýandygyny aýtdy. Bu soragda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň we gaznanyň Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk komissiýasynyň işine örän aýratyn orun degişlidir. Bu düzümler möhüm ähmiýeti bolan wezipeleri çözmegiň üstünde işleýär. Şoňa görä-de, olaryň işi diňe bir gazna gatnaşyjy döwletleriň ýardam bermegine däl-de, eýsem, giň we yzygiderli halkara goldawa hem daýanmalydyr.
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň suw serişdelerini dolandyrmagyň netijeli we durnukly ulgamyny döretmek üçin dünýä bileleşiginiň öz tagallalaryny birleşdirmäge ukyplydygyna ynanýandygyny belläp, munuň üçin sebit hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmegiň, ylmy barlaglary işjeň alyp barmagyň, täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Milli Liderimiz ýakyn wagtda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkeziniň işläp başlajakdygyny aýdyp, Türkmenistanyň Hökümetiniň bu täze düzüme öz wezipelerini we maksatlaryny netijeli amala aşyrmak üçin doly ýardam berjekdigini hem-de iň amatly şertleri döretjekdigini belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň suw meselesi boýunça Birleşen Milletler Guramasy we beýleki ýöriteleşdirilen halkara düzümler, goňşy ýurtlar hem-de hyzmatdaşlar bilen aýdyňlyk we adalatlylyk, özara jogapkärçilik, bähbitleri hasaba almak esasynda mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge hemişe taýýardygyny tassyklady.
Gahryman Arkadagymyz pursatdan peýdalanyp, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe, Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona, Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Sauda häzirki döwürde örän möhüm ähmiýete eýe bolan meselelerde başlangyçly çykyş edýändikleri üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň sammitde Merkezi Aziýada suw meselesiniň ähli toplumyna seredilende üç möhüm kadadan: halkara hukugyň berjaý edilmeginden; özara bähbitleriň hasaba alynmagyndan; bu işe halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çekilmeginden ugur alynmalydyr diýip, bu möhüm meselede beýan eden garaýyşlary BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasarynyň hem-de sammite gatnaşyjylaryň uly goldawyna eýe boldy. Şunuň bilen birlikde, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Tatýana Molçan Türkmenistanyň alyp barýan suw diplomatiýasyna ýokary baha bermek bilen, häzirki wagtda ýurdumyzyň suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak boýunça dünýä halklarynyň bähbidine gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň nusgalykdygyny belledi.
Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyzyň “Bitewi suw” sammitine gatnaşmagy ýurdumyzyň ählumumy meseleleri çözmekde halkara bileleşigiň tagallalaryna öz goşandyny goşmaga ygrarlydygyny we bu ugurda başlangyçly çykyş edýändigini ýene-de bir gezek aýdyňlygy bilen görkezdi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparyny tamamlap, Watanymyza ugrady.