"Türkmen hemrasy" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2015-nji ýylda ddöredilip, "Türkmenaragatnaşyk" agentligi, "TürkmenTelekom" EAK we "Altyn Asyr" ÝGPJ-nyň gatnaşmagynda esaslandyryldy.
“Türkmen hemrasy” ÝGPJ-niň esasy maksady — ýurduň ilkinji geostasionar aragatnaşyk hemrasy bolan "TürkmenÄlem52.0E" arkaly döwrebap hemra aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmek bolup durýar.
Bu hemra 2015-nji ýylyň 28-nji aprelinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Keýp-Kanaweral kosmodromyndan üstünlikli ýagdaýda orbitada ýerleşdirildi.
"Türkmen hemrasy" ÝGPJ-i - dürli ugurlar boýunça hyzmatlary hödürleýär:
sanly teleýaýlym ýaýlymy,
telefon aragatnaşygy,
maglumatlaryň geçirilmegi,
hemra arkaly internet hyzmatlary.
Hemramyzyň hyzmat edýän meýdany diňe bir Türkmenistan bilen çäklenmän, eýsem Merkezi Aziýa, Owganystan, Päkistan, Ýakyn Gündogar, Demirgazyk Afrika we Ýewropa ýurtlaryny hem öz içine alýar.
"Türkmen hemrasy" ÝGPJ-i innowasiýa, ygtybarlylyk we halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanyp, ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamynyň ösüşine hem-de halkara derejesindäki ornunyň giňeldilmegine işjeň gatnaşýar.