Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy


Türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli mirasy, edebiýaty bar. Nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili bolan Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, ajaýyp goşgylary ynsan kalbyny ruhlandyrýar. Magtymguly atamyz XVIII asyrda ýaşan türkmen nusgawy edebiýatynyň kämilleşmegine örän uly goşant goşan türkmen edebi dilini ösdürmekde uly işler bitiren şahyrdyr. Beýik Pyragynyň döredijiligi, hakykatdan-da, bir umman. Magtymguly atamyz tutuş adamzada söz mülküni- bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak pähimleri, nesihatlary, öwüt-ündewleri ýadygär goýdy. Bu günki güne çenli şahyryň edebi mirasy hakynda ençeme ylmy garaýyşlar beýan edildi, kitaplar çap edildi. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi-giden bir umman. Magtymguly özüniň beýikligi bilen türkmeni beýgeldýär.

Gahryman Arkadagymyz milli şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýyna bagyşlap “Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy" atly döreden şirin şygry türkmen halkymyza, ilkinji nobatda, milli edebiýatymyza ýapylan serpaý boldy. ”Köpetdagyň eteginde galdy bu gün ör boýuna, Onuň Aly jenaby Magtymguly Pyragy” diýip belläp geçmegi Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna aýratyn hormat goýýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyz öz şygrynda Magtymguly atamyza “Onuň Alyjenaby” diýip ýüzlenmek bilen, şahyryň mertebesini ýene-de bir gezek belende göterýär, ony ähli köňülleriň, şygryýet dünýäsiniň hökmürowany hökmünde sarpalaýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly täze goşgynyň her bir sözünde, setirinde örän çuňňur many bar.

Magtymguly Pyragy özüniň beýikligi bilen türkmeni beýgeldýär. Pyragy halka hyzmat eden şahyr. Onuň eserleri diňe bir türkmen halkynyň däl, umumadamzat medeniýetiniň altyn hazynasyna girdi.

Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň şunuň ýaly belent derejede tutulmagy hormatly Arkadagymyzyň beýik akyldaryň döredijiligine iňňän ýokary baha berýändigi bilen berk baglanşyklydyr. Halkymyzyň Magtymguly Pyraga bolan beýik söýgüsi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik kalbyndan, çuňňur işlerinden gözbaş alýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda beýik şahyryň ömrüni we döredijiligini öwrenmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyragynyň çeper söz ussady bolandygyna ýokary baha berip :” Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr" diýip belleýär.

Türkmen halkynyň edebi mirasyny uly üns we alada bilen gurşap alan türkmen alymlarynyň Magtymguly baradaky pikirlerine giň ýol açan hormatly Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli umumyadamzat ähmiýetli beýik işleriniň mundan beýläk-de rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.