Transponderler: 38 aktiw, KU-diapazon
Gulluk möhleti: 15 ýyl
Orbital pozisiýasy: Geostasionar, 52.0E
Peýdaly ýükleniş: Energosarpedijilik 8 Kwt, agramy 352 kg
Şöhleleriň möçberi: 3(Gündogar, Günbatar, Ýakyn-Gündogar/Demirgazyk-Afrika)
Hemranyň goýberilendäki agramy: 4731 kg
Energosarpedijiligi: 10 Kbt - Gury agram: 1839 kg
Gün batareýlarynyň panelleri: Güýji 11.3 Kwt
Akkumulýator batareýleriniň maýyşgaklygy: 18.2 Kwt-sag
Öndüriji: Thales Alenia Space (Fransiýa) - Platforma: SpaceBus 4000С2
Ilkinji aragatnaşyk hemrasy ”TürkmenÄlem 52.0E” Kanaweral (Florida, ABŞ) burundan 2015-nji ýylyň aprel aýynyň 27-ne 23 sagat 03 minutda älem giňişligine uçuryldy. Türkmenistanyň buýurmasy boýunça fransuz kompaniýasy “Thales Alenia Space” tarapyndan gurlan Älem gämisi, Falcon 9 raketa göteriji arkaly äleme goýberildi.
200-den gowrak ýokary hil ölçegli teleradiokanalar Türkmen, Iňlis, Rus, Türk, Özbek, Pars, Puştun, Dari, Kürt dillerinde TürkmenÄlem 52.0E Milli emeli aragatnaşyk hemrasy arkaly Ýewropa, GDA we Ýakyn Gündogar döwletleriniň tomaşaçylaryna elýeterdir. Şeýle hem onlarça kompaniýalar we döwlet edaralar maglumat alyş-çalyş hyzmatlaryndan peýdalanýarlar.
Häzirki wagtda elýeter teleradiokanallaryň sanawyny şu baglanşyga basyp görüp bilersiňiz.