Ýazylan
Geçen hepdäniň wakalarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, halk hojalyk toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmak, önümçilik, eksport kuwwatyny pugtalandyrmak, maýa goýum işjeňligini we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändigi öz beýanyny tapdy.
26-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Ýazky ekiş möwsümine ekin meýdanlaryny, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary, pagtaçy daýhanlar üçin toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumlaryny doly taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, ýeralmanyň, soganyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişi dowam edýär. Ýazky bag ekmek möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, baglaryň ekiljek ýerleri kesgitlenilýär, bag nahallary taýýarlanylýar.
Şeýle hem ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň we Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde welaýatlarda şu ýyl meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişi barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny almak boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, welaýatlaryň häkimlerine ähli meýilleşdirilen işleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy. Ählihalk bag ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmek bilen bagly birnäçe tabşyryklar berildi.
1-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda 2024-nji ýylyň ilkinji iki aýynda ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Kanunçylygy döwrüň talaplaryna laýyklykda mundan beýläk-de kämilleşdirmek, bilim edaralarynyň işini ösdürmek, innowasion tehnologiýalary döretmek işine ýaşlary işjeň çekmek, elektron neşirleriň sanyny artdyrmak, sporty, Olimpiýa hereketini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Ekologik abadançylygy üpjün etmek, ýurdumyzyň tebigy aýratynlyklary, taryhy ýadygärlikleri we medeni gymmatlyklary bilen tanyşdyrýan syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek bilen bagly meselelere garaldy.
Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek dabaralara, Germaniýanyň paýtagty Berlin şäheriniň Täze muzeýinde Parfiýa imperiýasynyň taryhy tapyndylarynyň we Seljuk imperiýasynyň mirasynyň sergisini guramaga görülýän taýýarlyk işleri barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, geçen iki aýda alnyp barlan işleriň netijeleri Garaşsyz döwletimiziň okgunly ösýändigine şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde jemi içerki önümiň görkezijileri, ýylyň başyndaky ýaly, 6,3 göterim möçberde saklanýar. Hasabat döwründe senagatda ösüş depgini 5,6 göterime, söwda ulgamynda 8,1 göterime, ulag we aragatnaşyk ulgamynda 6,6 göterime, oba hojalyk pudagynda bolsa 3,9 göterime deň boldy. Häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýagdaýy göz öňünde tutup, gazanan ösüş depginimizi saklap galmak üçin degişli işleri geçirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Mejlisde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mukaddes maşgala ojagyny gorap saklamakda, ogul-gyzlaryna mynasyp edep-terbiýe bermekde, jemgyýetimiziň jebisligini has-da berkitmekde mähriban enelerimiziň möhüm ornuny belläp, köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyz birnäçe beýleki resminamalara hem gol çekdi. Olar Aşgabat şäherinde owgan harytlarynyň sergisini we Türkmen-owgan işewürlik maslahatyny guramaçylykly geçirmek, şu ýylyň 16-njy martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan uniwersitetiň garamagynda hojalyk hasaplaşygynda işleýän “Oguz han” ylmy-tehnologiýalar merkezini döretmek hem-de 2024-nji ýylyň 15 — 20-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda hokkeý boýunça halkara ýaryşy geçirmek hakyndaky Kararlardan ybaratdyr.
1-2-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak maksady bilen, Türkiýe Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.
Saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşygy boldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýäniň Baştutanyny 70 ýaş ýubileýi bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny, gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Iki ýurduň we halkyň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda bitiren aýratyn hyzmatlary, köpýyllyk döwletara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine goşan uly şahsy goşandy üçin, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, türk Liderine Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen ady dakyldy. Halkymyzyň asylly ýörelgelerine laýyklykda, Gahryman Arkadagymyz türk Liderine türkmen milli içmegini sowgat berdi. Gadymy däbe görä, içmek il içinde uly abraýdan peýdalanýan adamlara aýratyn hormatyň nyşany hökmünde gowşurylýar.
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti gutlaglar we bildirilen hormat üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, özüne Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen hormatly adyň dakylmagyna ýurtlarymyzyňdyr halklarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mizemezliginiň nyşany hökmünde garaýandygyny nygtady.
Duşuşykda bellenilişi ýaly, halklarymyzyň taryhyň dowamynda emele gelen umumylygyna esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda üstünlikli ösdürilýär.
Türkiýe Respublikasyna türkmen elektrik energiýasyny eksport etmek, dostlukly ýurda türkmen tebigy gazyny “swap” usuly boýunça ibermek bilen bagly meselelere aýratyn üns çekildi.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen-türk hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen birnäçe resminamalara gol çekildi. Şol resminamalara Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda uglewodorod serişdeleri babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça meýiller hakynda Jarnama; “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Türkiýe Respublikasynyň Energetika we tebigy serişdeler ministrliginiň arasynda tebigy gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi babatda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Türk aeronawtika birleşigi uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama degişlidir.
Şol gün Gahryman Arkadagymyz türkmen bazarynda üstünlikli işläp gelýän “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk we “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen hem duşuşdy. Duşuşyklaryň dowamynda hususy pudak boýunça köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegine, onuň mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýandygy bellenildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow üçünji Antalýa diplomatiýa forumynda çykyş edip, ählumumy ykdysady we ynsanperwer meseleleri çözmekde Türkmenistanyň garaýşyny beýan etdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki döwür döwletleriň we Hökümetleriň öňünde diňe bir syýasy, ykdysady, hukuk babatda däl-de, eýsem, ahlak, adalatlylyk we abraý-mertebe gatnaşyklaryna degişli birnäçe meseleleri hem goýýar. Syýasy howpsuzlygy, durnuklylygy, ykdysady ösüşi üpjün etmek üçin taryhy ornuna, ilatynyň sanyna, jemi içerki önüminiň möçberine, harby mümkinçiliklerine ýa-da tehnologik taýdan ösüş derejesine garamazdan, dünýäniň ähli halklaryny we döwletlerini bu işe doly çekmek zerurdyr.
Bu babatda Türkmenistanyň garaýşy berk we aýdyňdyr: häzirki çylşyrymly döwürde bu sorag diňe ählumumy tagallalar arkaly, halkara hukugyň ykrar edilen kadalary, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasy esasynda çözülip bilner we çözülmelidir. Dünýä bileleşiginiň jogapkärli agzasy hökmünde Türkmenistan şu maksada ýetmekde öz üstüne borçnamalary alýar diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Bitaraplygyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň mümkinçilikleri bu wezipeleri ýerine ýetirmegiň esasy guraly hökmünde beýan edildi. Bitaraplygyň sagdyn we jogapkärli güýçler, döwletleriň ýa-da ýurtlaryň topary üçin garaýyşlaryň binýady bolup biljekdigi bellenildi. Bu bolsa gapma-garşylykly ýagdaýlary aradan aýyrmaga, ýüze çykýan dawalar nähili kyn hem dowamly bolsa-da, olary parahatçylykly usullar bilen, gepleşikler arkaly çözmäge mümkinçilik berýär.
Gahryman Arkadagymyz çykyşynda Milletler Bileleşiginiň howandarlygynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak, BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek ýaly Türkmenistanyň möhüm halkara başlangyçlaryny ýatlatdy. Ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işi barada aýdylanda, bu merkez bar bolan we bolup biljek gapma-garşylyklary çözmäge hem-de çylşyrymly ýagdaýlardan baş alyp çykmaga ulgamlaýyn çemeleşmegiň mysaly bolup biler.
Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow geçiş ykdysadyýetli ýurtlaryň halkara derejede täsiriniň artmagy bilen bagly meselä degip geçmek bilen, energetika hyzmatdaşlygy ulgamynda Türkmenistanyň strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi, ählumumy ulag infrastrukturasyny ösdürmekde we howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde başlangyçlarymyza ünsi çekdi.
Çykyşynyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň bitaraplygy hem-de parahatçylyk dörediji döwlet hökmünde toplan tejribesini parahatçylygyň we adamzadyň sazlaşykly ösüşiniň bähbidine gönükdirip, bu işe goşandyny goşmaga hemişe taýýardygyny tassyklady.
Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary “Döwlet adam üçindir!”, “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ýörelgelere laýyklykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda syýasy we ykdysady taýdan durnukly ösýän döwlet hökmünde Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da belende götermek boýunça durmuşa geçirilýän strategiýanyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi.