«RDÝ Logistika» Aşgabatdaky medeni-dynç alyş toplumy üçin gurluşyk harytlaryny getirmek taslamasyny durmuşa geçirdi

Ýazylan

«RDÝ Logistika» paýdarlar jemgyýetiniň (Russiýanyň demir ýollary logistika operatory) demir ýol ulagy arkaly Russiýadan Türkmenistana gurluşyk harytlaryny getirmek işini amala aşyrandygy kompaniýa tarapyndan habar berildi.

Magtymguly Pyragynyň täze ýadygärligi we onuň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak, şeýle hem Aşgabatdaky meýdançalaryň biri üçin granit daşlaryny hem-de bezeg elementlerini getirmek hyzmaty «RDÝ Logistikanyň» Sankt-Peterburg şahamçasy tarapyndan amala aşyryldy.

Oktyabrskiý demir ýolunyň Kupçinskaýa stansiýasyndan Türkmenistandaky Gypjak stansiýasyna gurluşyk harytlaryny getirmek işi alty aýyň dowamynda birnäçe tapgyrda amala aşyryldy. Şol tapgyrlar gurluşyk harytlaryny özünde jemleýän 68 wagondan ybaratdyr. Ýüki gönüden-göni daşamakdan başga-da, «RDÝ Logistikanyň» hyzmatlary bu ugrdaky taslamalary işläp taýýarlamagy we tassyklamagy, wagonlarda ýükleriň ykjam ýerleşdirilmegini üpjün etmegi, şeýle hem Kupçinskaýa demirýol stansiýasynda ýüklemek we düşürmek işlerini özünde jemledi.

«Munuň özi öndürijiden Türkmenistana granit daşlaryny ýollamak boýunça üstünlikli durmuşa geçirilen ikinji uly taslama. Çünki 2021-nji ýylda mümkin boldugyndan gysga möhletde — bary-ýogy bäş aýda 105 wagon ugradylypdy. Medeni we taryhy ähmiýetli ýadygärlikleri hem-de binalary döwrebaplaşdyrmak diýseň jogapkärli mesele bolup, ol logistika goldawynyň üznüksiz mümkinçiliklerini we gowşurylyş möhletiniň gürrüňsiz berjaý edilmegini talap edýär. Şahamça şeýle taslamalara gatnaşmak üçin döredilen mümkinçilige ýokary baha berýär we biz geljekde hem Russiýanyň demirgazyk-günbataryndaky iri kärhanalar bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmegi hem-de öndürijileriň eksportyny artdyrmaga ýardam etmegi meýilleşdirýäris» — diýip, «RDÝ Logistika» paýdarlar jemgyýetiniň Sankt-Peterburgdaky şahamçanyň başlygy Maksim Losew gürrüň berýär.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.