“Türkmenenergo” ýapon kompaniýasy bilen şertnamalary baglaşar

Ýazylan

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň “Energoüpjünçilik” kärhanasyna Ýaponiýanyň “Sumitomo Сorporation” kompaniýasy bilen Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň gaz turbina desgalarynyň, şeýle hem Türkmenistanda hereket edýän beýleki gaz turbinaly elektrik stansiýalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de berkitmek barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara 25-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär.

Resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurduň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen kabul edildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedowyň şunuň bilen bagly hasabatyny diňläp, ýurduň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmegiň hemişe üns merkezinde saklanylýandygyny, türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutany Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen, öňde agzalan Karara gol çekdi hem-de resminamany sanly ulgam arkaly iberip, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.