Ýazylan
23-24-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow XVI BRICS sammitine gatnaşmak maksady bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherine iş saparyny amala aşyrdy.
Saparynyň çäklerinde, 24-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda Rustam Minnihanow Türkmenistanyň Prezidentine Tatarystan Respublikasynyň «Duslyk» ordenini dabaraly ýagdaýda gowşurdy.
Şeýle-de iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antonio Guterriş bilen duşuşygy boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş saparynyň ikinji gününde Kazan şäherinde ilkinji gezek giňişleýin düzümde geçirilen XVI BRICS sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Türkmen döwletiniň Baştutany “Kazan EKSPO” halkara sergi merkezinde geçirilen ýokary derejeli forumda — XVI BRICS sammitiniň “ BRICS+” formatyndaky plenar mejlisinde çykyş etdi we Türkmenistanyň garaýyşlarydyr tekliplerini beýan etdi.
Tatarystana iki günlük iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kazan şäheriniň Gabdulla Tukaý adyndaky Halkara howa menziline geldi we ol ýerden Aşgabada ugrady.
3 sagatdan soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary Aşgabadyň Halkara howa menzilinde gondy. Döwlet Baştutanyny bu ýerde resmi adamlar garşyladylar. Hökümet agzalary Prezident Serdar Berdimuhamedowy iş saparynyň üstünliklere beslenmegi bilen gutladylar. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.