Ýazylan
Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Ženewa şäherinde geçirilen 75-nji sessiýasyna gatnaşdy.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissary Filippo Grandi öz çykyşynda Türkmenistanyň Hökümetiniň raýatsyzlygy ýok etmek ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berdi.
Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajiýew birinji bölümçede çykyş etdi. Ol Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlary esasynda 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda ýurtda raýatsyzlygy ýok etmek boýunça maksatnamanyň tamamlanandygyny belledi.
Bölümçäniň çäginde çykyş etmek bilen Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Amanmuhammet Sazakow jemi 32 müňden gowrak adama Türkmenistanyň raýatlygynyň we 5 müňden gowrak adama ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berlendigini nygtady. Bu bolsa Türkmenistanyň adam hukuklaryny goramaga we halkara hukugyny berjaý etmäge ygrarlydygyny görkezýär.