Aşgabatda täze saglygy goraýyş desgalary açyldy

Ýazylan

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, Aşgabatda täze desgalaryň - 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň we 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabaralary boldy. TDH-nyň habar berşi ýaly, bu dabaralara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Bellenilişi ýaly, täze desgalaryň açylmagy hemişe döwrebaplaşdyrylyp durulýan milli saglygy goraýyş ulgamyna Türkmenistanda aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.

Köp ýyllaryň dowamynda ýurduň saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk eden türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen öňe sürlen we işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurtda soňky ýyllarda bu ulgamyň düzümleri giňeldilip, maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, innowasion tehnologiýalar we iň gowy dünýä tejribeleri, lukmançylyk ulgamyndaky gazanylanlar işjeň ornaşdyrylýar.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.