Ýazylan 21.02.2024
Prezident Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Madhumita Hazarika Bhagaty kabul etdi. Diplomat Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Hindistan söwda-ykdysady ulgamda, şeýle-de ýangyç-energetika we ulag ulgamlarynda, oba hojalygy, dokma senagaty ýaly pudaklarda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Özara bähbitli hyzmatdaşlygy uzak möhletli esasda ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bar. Munuň özi, ilkinji nobatda, energetika we ulag pudaklarynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyga degişlidir.
Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşlikde Türkmenistan – Owganystan – Pakistan - Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti bellenildi.
Saglygy goraýyş ulgamy hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Bellenilişi ýaly, köp ýyllaryň dowamynda bu ulgamda netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy.
Söhbetdeşler ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklaryň – ylym, bilim we medeni ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny aýtdylar.