Ýazylan
30-njy sentýabr — 1-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewa şäherinde geçirilen BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy (UNECE) tarapyndan guralan «Geljegiň şäherleri» atly şäher häkimleriniň sammitine gatnaşdy.
Türkmenistanyň daşary syaýasat edarasynyň habar bermegine görä, türkmen tarapyna Awaza etrabynyň häkimi D.Jumaýew wekilçilik etdi. D.Jumaýew öz çykyşynda Türkmenistanyň durnukly şäher ösüşi ugrundaky üstünliklerini belläp, durmuşyň hilini ýokarlandyrmaga we ilat üçin döwrebap şertleri döretmäge gönükdirilen üstünlikli taslamalar barada gürrüň berdi.
Şäher meýilnamasy we durnukly ösüş pudagynda öňdebaryjy çözgütleriň ulanylmagynyň mysaly bolan «akylly» Arkadag şäheriniň taslamasyna aýratyn üns berildi. Şeýle hem dynç alyş we sagaldyş üçin döwrebap infrastruktura eýe bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy tanyşdyryldy.
Türkmenistanyň wekiliýeti suw baýlyklaryny dolandyrmak we şäherli ýaşlaryň ösüşi boýunça halkara dialogyny başlatmagy teklip etdi. Hususan-da, UNECE-iň howandarlygynda suw baýlyklaryny dolandyrmak boýunça täze hukuk guralyny döretmek, şeýle hem Arkadag şäherinde ýaşlaryň halkara duşuşygyny geçirmek teklip edildi.