"Türkmen hemrasy" ÝGPJ-i hemra sygymyny ýerlemekde hyzmatdaşlygy giňeldýär

Ýazylan 29.06.2020

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda hemra aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek boýunça beren tabşyryklaryndan ugur alyp, “Türkmen hemrasy” ÝGPJ-i, 2020 – nji ýylyň ikinji çärýeginde “TürkmenÄlem 52.0E” Milli emeli hemra aragatnaşygynyň sygymlaryny hem-de FSS Teleportynyň hyzmatlaryny wagtlaýyn ulanmaga bermek boýunça, daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnama baglaşdy. Ýagny, Beýik Britaniýanyň “Hermes Datacommunications International Ltd”, Birleşen Arap Emirlikleriniň “Wide Network Solutions”, Türkiýanyň “Çalik Enerji Sanayi we Ticaret A.Ş.” we Bolgariýanyň “Big Bang Web LTD” kompaniýalary. Şeýle-de, Birleşen Arap Emirliklerinde hasaba alynan “High Conncil Technical Services LLC” kompaniýasy bilen wekilçilikli hyzmatdaşlyk etmekde Ylalaşyk baglaşyldy.

Bilşimiz ýaly, 2015 – nji ýylyň aprel aýynda “TürkmenÄlem 52.0E” Milli emeli hemra aragatnaşygy älem giňişligine çykaryldy hem-de, 5 ýyl bäri emeli hemramyzyň ýerine ýetirýän ýokary hilli hyzmatlaryndan daşary we içerki bazarda işleýän kompaniýalar we edara-kärhanalar peýdalanyp gelýärler.

“TürkmenÄlem 52.0E” Milli emeli hemra aragatnaşygy ýokary hilli hyzmatlary bermek bilen, daşary ýurt kompaniýalaryň hem-de, Orta Aziýa, Ýewropa we Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň telegörüjileriniň arasynda uly abraýa eýe boldy.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.