Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Ýazylan

27-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işi, şäheri mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri, ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny dikeltmek bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýän işler bilen gyzyklandy.

Ir säher bilen Milli Liderimiz Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde bina edilen täze şähere geldi. Häzirki döwürde bu ýerde döwrebap şähergurluşyk maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen bir hatarda, türkmen halkynyň dünýä nusgalyk asylly ýörelgelerine laýyklykda, ynsanperwer ähmiýetli işlere-de möhüm üns berilýär. Bu bolsa halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi ugrunda alnyp barylýan işleriň rowaçlyklara beslenmegini şertlendirýär.

Gahryman Arkadagymyz haýyr-sahawat gaznasynyň Arkadag şäherindäki ştab-kwartirasynda bolup, bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarowyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň, şäheriň häkimi G.Mämmedowanyň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory M.Öküzowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda şu ýylyň dowamynda degişli düzümler boýunça alnyp barylýan işler hem-de öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda işlenip taýýarlanan maksatnamalar barada habar berildi.

Ilki bilen, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan meýilnamalaýyn işleri barada aýdylyp, şunda gaznanyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň we ony yzygiderli ösdürmegiň meselelerine aýratyn ähmiýet berildi. R.Bazarow hasabatynda kömege mätäç çagalaryň 400-den gowragyna degişli operasiýalaryň geçirilendigini, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň welaýatlarynyň çagalar sagaldyş merkezlerine haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “B.Braun” kompaniýasynyň dowamly böwrek keselinden ejir çekýän näsaglaryň saglygyny gowulandyrmaga ýardam berýän “Dialog+” kysymly gemodializ enjamlarynyň sowgat berlendigini aýtdy. Mundan başga-da, gaznanyň hasabyna dünýäniň birnäçe döwletiniň tebigy heläkçilikler zerarly ejir çeken çagalaryna ynsanperwerlik ýükleriniň ugradylandygy, ýurdumyzda bellenilýän şanly seneler mynasybetli çagalara ýörite sowgatlaryň gowşurylandygy barada hasabat berildi. Aýratyn-da, gaznanyň howandarlyk etmeginde, 14 ýaşa çenli çagalaryň arasynda yglan edilen “Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri” atly surat çekmek bäsleşiginiň ähmiýetli bolandygy nygtaldy.

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda alnyp barylýan asylly işleriň, aýratyn-da, ynsanperwer ýörelgeleriň adamlary belent maksatlara ruhlandyrýandygyny belledi. Döwletimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde amala aşyrylýan ýagşy dessurlar ösüp gelýän ýaş nesillerde watansöýüjilik, zähmetsöýerlik ýörelgelerini, tebigata aýawly çemeleşmek endiklerini ösdürmekde möhüm orny eýeleýär. Häzirki wagtda döwlet derejesinde kömege mätäç çagalara goldaw bermek boýunça işler durmuşa geçirilýär, Bu işler ýaşlaryň döretmäge, ýokary derejeli hünär almaga höwesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Milli Liderimiz çeper döredijilik bilen meşgullanýan çagalaryň çeken suratlaryny synlap, olarda gözel tebigatymyzyň, sahawatly türkmen topragynyň özboluşly aýratynlyklarynyň şekillendirilmeginiň ösüp gelýän ýaş nesilleriň Watanymyza, Diýarymyzyň özboluşly tebigatyna bolan söýgüsiniň we buýsanjynyň aýdyň beýanydygyny aýtdy we bu işleri yzygiderli dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Hormatly Arkadagymyz öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine örän jogapkärçilikli, toplumlaýyn esasda çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Arkadag şäheriniň häkimi ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guraljak dabaralara taýýarlyk, şu ýyl 1-nji synpa kabul edilen çagalara hormatly Prezidentimiziň adyndan kompýuterleri gowşurmak, Arkadag şäherindäki umumybilim berýän 1-nji orta mekdepde BMG-niň Çagalar gaznasynyň goldaw bermeginde Robototehnika bilim merkezini açmak dabaralaryna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Arkadag şäheriniň orta we ýörite orta okuw mekdeplerinde, şeýle-de ýokary okuw mekdebinde täze okuw ýylynyň ilkinji sapagynyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna bagyşlanjakdygy barada aýdyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri gazanylýan üstünlikleriň, syýasy, jemgyýetçilik, halkara ähmiýetli wakalaryň Watanymyzyň dünýä giňişligindäki abraýynyň belende galýandygyny görkezýändigini belledi hem-de ýurdumyzda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi, watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmekleri, döwrebap bilim almaklary, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary bilen baglanyşykly meselelere döwletimiz tarapyndan möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy. Meýilleşdirilen ähli çäreleriň, şol sanda Bilimler we talyp ýaşlar güni, Garaşsyzlyk baýramy, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli göz öňünde tutulýan medeni-köpçülikleýin çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi ugrunda bilelikdäki tagallalaryň zerurdygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz dabaralarda ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça gazanýan üstünlikleriniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň öz beýanyny tapmalydygyny aýtdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guralýan dabaralaryň giň gerime eýe bolýandygyna ünsi çekip, şanly sene mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýakyndan goldaw bermeginde Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynda umumybilim berýän orta mekdebiň açylyş dabarasynyň geçirilmeginiň halkymyzyň ynsanperwer ýörelgeleriniň, dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilýändiginiň beýanydygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri dostlukly döwletiň türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan welaýatynda ýurdumyzyň gurluşykçylarynyň bina eden täze mekdebinde okajak okuwçylara Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna kompýuterleriň gowşurylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Munuň özi halkymyzyň ynsanperwer ýörelgeleriniň halkara derejede-de dabaralandyrylýandygynyň güwäsine öwrüler.

Gahryman Arkadagymyz halkara hyzmatdaşlyk baradaky gürrüňi dowam edip, ýurdumyzda abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG-niň Çagalar gaznasy bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Şunda hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşi, olaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmaklary, halkara derejede geçirilýän bäsleşiklere gatnaşmaklary bilen baglanyşykly meseleler döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Şeýle çäreler ýaş nesilleriň zähmetsöýer bolup ýetişmekleri, häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalaryny, sanly ulgamy ussatlyk bilen ele almaklary ugrunda edilýän aladanyň aýdyň netijesidir. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri, çeper döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin uly mümkinçilikler döredilýär.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow häzirki döwürde sebitde ilkinji “akylly” şäher hökmünde ykrar edilen täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu ýerde durmuş maksatly binalar bilen bir hatarda, önümçilik toplumlarynyň gurluşyklaryna hem badalga berildi. Munuň özi Arkadag şäheriniň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüş ýoluna düşendiginiň nobatdaky beýanydyr. Şeýle-de Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde geçiriljek “akylly” şäherleriň “World Smart Сity Eхpo” Bütindünýä sergisine gatnaşmak üçin türkmen wekiliýetiniň öňde boljak sapary barada habar berildi. Onda “akylly” tehnologiýalara esaslanýan Arkadag şäheriniň mümkinçilikleri görkeziler. Seul şäherine şu ýylyň 1 — 7-nji sentýabry aralygynda boljak gulluk iş saparynyň çäklerinde wekiliýet agzalary Koreýa Respublikasynyň lukmançylyk serişdelerini öndürýän kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirerler, ýurduň ugurdaş kärhanalarynyň işleri bilen tanşarlar.

Geljegiň, döredijiligiň, ýaşlygyň şäheri hökmünde ykrar edilen we “akylly” şäher konsepsiýasyna laýyklykda gurlan Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň ýokary hil derejesine we ekologik talaplara laýyk gelmelidigini belläp, hormatly Arkadagymyz bu ýerde dünýäniň ösen tejribesiniň milli binagärlik ýörelgeleri bilen utgaşdyrylmalydygyna ünsi çekdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Koreýa Respublikasynda geçiriljek Bütindünýä sergisi barada aýtmak bilen, onda Arkadag şäheriniň özboluşly ajaýyplyklarynyň ýokary derejede öz beýanyny tapmalydygynyň, ugurdaş düzümleriň wekilleri bilen duşuşyklaryň guralmagynyň, özara tejribe alşylmagynyň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň ýurdumyzda ornaşdyrylmagy babatda zerur tagallalaryň edilmeginiň ähmiýetli boljakdygyny belledi.

Mälim bolşy ýaly, Koreýa Respublikasy Türkmenistanyň işjeň gatnaşyk saklaýan hyzmatdaşlarynyň biridir. Häzirki döwürde paýtagtymyzda Patyşa Sejong adyndaky koreý dilini öwredýän okuw merkezi hereket edýär we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde koreý dili öwredilýär. Şunuň bilen baglylykda, dostlukly ýurda sapara iberiljek wekiliýetiň düzümine ugurdaş düzümleriň agzalarynyň, bu ugur boýunça bilim alýan talyp ýaşlaryň goşulmagy ähmiýetli bolar. Alym Arkadagymyz munuň türkmen ýaşlarynyň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmaklaryna, halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine giň ýol açjakdygyny aýdyp, bu ugurdaky işleri yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Lukman Arkadagymyz täze şäherde iň ýokary hilli enjamlar bilen enjamlaşdyrylan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň işe başlamagynyň ýurdumyzda hemaýata mätäç çagalara kömek etmek boýunça giň gerimli işleri ep-esli giňeltmäge mümkinçilik berendigini belledi we bu babatda alnyp barylýan işler barada hasabat bermek üçin merkeziň direktory M.Öküzowa söz berdi.

Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi tarapyndan degişli döwürde alnyp barlan işler bilen baglanyşykly meseleler baradaky hasabatyň çäklerinde bu ýerde näsag çagalaryň 20-ä golaý görnüşli bejergi alandyklary aýdyldy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän syýasatda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine aýratyn ähmiýet berilmeginiň aýdyň netijesidir.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” kesgitlenen wezipelere laýyklykda, ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygy baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Şunda kömege mätäç çagalara hemaýat bermek, olaryň saglyklaryny berkitmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaş raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmegiň, olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini gazanmagyň türkmen halkyna gadymdan mahsus ruhy-ahlak ýörelgelerdigini belläp, lukman Arkadagymyz jemgyýetimizde öňden kemala gelen durmuş ýörelgeleriniň yzygiderli wagyz edilmeginiň ähmiýetlidigine ünsi çekdi.

“Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman saglygy goraýyş edaralary, kliniki we ylmy-kliniki merkezler bina edildi. Olarda alnyp barylýan bejergi işleri döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýär. Şunda Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň işini degişli derejede guramagyň zerurdygyny belläp, Milli Liderimiz bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda asylly işleri dabaralandyrmak bilen bagly wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde hemmelere rowaçlyklary arzuw etdi.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.