BSGG-niň hünärmenleri Türkmenistanda saparda boldular

Ýazylan

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa boýunça sebit bölüminiň hünärmenleri Türkmenistanda saparda boldular. Saparyň maksady mikroblara garşylygy gözegçilik etmek üçin milli laboratoriýa kuwwatyny güýçlendirmäge goşant goşmakdan ybaratdy boldy diýip, Halkara habarlar merkezi habar berdi.

Sapar BSGG-niň Türkmenistandaky ýurt bölümi tarapyndan BSGG-niň Ýewropa boýunça sebit bölüminiň goldawy bilen guraldy. Wekiliýetiň düzümindäki hünärmenler degişli gözegçilik barlaghanalaryna baryp gördüler, şeýle hem ýerli hünärmenler bilen duşuşyklarydyr okuwlary geçirdiler.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň geňeşçisi Marina Suhorukowa mikroblara garşylygy güýçlendirmek laboratoriýa gözegçiligi boýunça milli görkezmeleri taýýarlamak boýunça teklipleri hem berdi.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.