"Sanly çözgüt-2023" atly innowasion taslamalaryň ýeňijileri mälim edildi

Ýazylan 13.11.2023

Aşgabat şäherinde "Türkmenaragatnaşyk" agentligi tarapyndan guralýan "Sanly çözgüt - 2023" atly innowasion taslamalaryň ýeňijileri kesgitlenip, sylaglary gowşurmak dabarasy geçirildi.
Bäsleşige gatnaşyjylar şu ugurlar boýunça kesgitlenildi: Saglygy goraýyş; Ylym we bilim; Ulag-logistika; Elektron senagat; Oba hojalygy; Robototehnika.
Bäsleşikde 42 sany ýaş hünärmen we talyp ýaşlar ýeňiji diýlip yglan edildi. Olaryň innowasion taslamalary ýurtda durmuş we iş şertlerini ýeňilleşdirmäge, häzirki zaman tehnologiýalarynyň ösmegine we täze, amatly, ulanyjy üçin ýeňil bolan hyzmatlaryň döredilmegine goşant goşar. Hödürlenýän taslamalaryň içinde hereketi çäkli adamlar üçin innowasion gezelenç, çagalara geljekki hünäri saýlamaga kömek etjek web platformasy, wirtual himiýa barlaghanasy, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri üçin internet portaly, “akylly ferma” we başgalar bar.
Bäsleşigiň eminleri özboluşlylygy, elýeterliligi, ýerine ýetirilişiniň hili, durmuş-ykdysady, önümçilik we dolandyryş meselelerini çözmekde netijeli bolan işleri saýlap aldylar.
Eminler toparynyň düzüminde "Türkmenaragatnaşyk" agentliginiň, dürli ministrlikleriň we pudak edaralaryň, "Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hünärmenleri, Ylymlar akademiýasynyň, Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň alymlarydyr mugallymlary, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleri hödürlenen işlere baha berip, ýeňijileri kesgitlediler.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.