Tokaýew Serdar Berdimuhamedowy Gazagystana sapar bilen çagyrdy

Ýazylan

Ozal habar berşimiz ýaly, düýn Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen tagallalary üçin gazak kärdeşi Kasym-Žomart Tokaýewe tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Gazagystana sapar bilen gelmäge hem-de öňde Astanada geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna we «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» dialogyň birinji sammitine gatnaşmaga uly hormat bilen çagyrýandygyny ýene bir gezek beýan etdi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany çakylyk üçin gazak kärdeşine minnetdarlyk bildirip, çakylygy hormat bilen kabul etdi hem-de öňde boljak duşuşyklarda beýan ediljek başlangyçlaryň sebitde hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini kesgitlemäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi we şol çäreleriň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Prezident Kasym-Žomart Tokaýew türkmen kärdeşini Gazagystanda geçiriljek möhüm forumlara uly hormat bilen çagyrýandygyny ýene bir gezek belledi.

Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew hoşlaşanlarynda, birek-birege berk jan saglyk hem-de jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, Türkmenistanyň we Gazagystanyň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de abadançylyk arzuw etdiler. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.