«Turkish Airlines» ähli gatnawlarda tölegsiz çäksiz Wi-Fi ulgamyny üpjün etmegi meýilleşdirýär

Ýazylan

Giň möçberli howa gatnawlar tory bilen meşhur bolan «Turkish Airlines» awiakompaniýasy ähli uçuşlarynda tölegsiz çäksiz Wi-Fi ulgamyny ornaşdyrmak baradaky uly meýilnamasyny yglan etdi. Bu hyzmatyň 2025-nji ýylyň ahyryna çenli ähli ýolagçylar üçin elýeterli bolmagyna garaşylýar.

Kompaniýanyň habar bermegine görä, geljekki iki ýylda uçuşdaky aragatnaşygynyň tehnologiýalaryny (IFC) ulanmak bilen, bütin awiaparkyň düýpli döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler. Munuň özi uçuşyň dowamynda ýolagçylary çäksiz we ýokary tizlikli internet birikmesi bilen üpjün eder.

Bu taslamany durmuşa geçirmek üçin «Turkish Airlines» ýerli we halkara IFC tehnologiýasyny üpjün edijiler bilen işjeň gepleşikleri geçirýär. Bu hyzmat üçin çözgütleri taýýarlamakda türk kompaniýalaryna goldaw berilmegine aýratyn üns gönükdirilýär. Bu başlangyjyň çäklerinde awiakompaniýa «TCI Aircraft Interiors» hem-de «Turksat» bilen özara düşünişmek hakynda Memorandumyna gol çekdi. Bu awiasiýa pudagyny ösdürmekde awiakompaniýanyň milli potensialy ulanmaga ygrarlydygyny görkezýär.

«Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň wekilleri ähli uçuşlarda tölegsiz Wi-Fi ulgamynyň ornaşdyrylmagynyň hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak we syýahat wagtynda ýolagçylaryň sanly ulgama bolan artýan isleglerini kanagatlandyrmak strategiýasynyň bir bölegidigini bellediler.

Bu başlangyç diňe bir ýolagçylaryň rahatlygyny ýokarlandyrman, eýsem, «Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň dünýäniň öňdebaryjy awiakompaniýalaryň biri hökmünde hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak üçin innowasion tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmagynda ornuny pugtalandyrar.

«Turkish Airlines»-yň Aşgabatdaky iş nokady bilen (+993 61) 01 44 33 telefon belgisi arkaly ýa-da şu salgy boýunça habarlaşyp bilersiňiz: G.Kulyýew köçesi, 39-njy jaý, «Ussat» binasy.

Habarlaşmak üçin:

elektron poçtasynyň salgysy: askabatbiletsatis@thy.com;

web saýty: turkishairlines.com.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.