Hazar mediaforumynda täze media platformasy açylar

Ýazylan

Hazarýaka ýurtlarynyň arasynda maglumat alyşmaga mümkinçilik berýän täze media platformasy 16-17-nji awgustda geçiriljek Astrahan şäherinde ýerleşýän Hazaryň metbugat forumynda hödürlener. Bu hakda Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin «TASS-yň» metbugat ýygnagynda habar berdi.

«Biz açylyş dabarasyny taýýarlaýarys we döreden esasy taslamamyzy durmuşa geçirmegi meýilleşdirýäris. Bu ähli Hazarýaka döwletleriniň maglumat giňişligine täsir etjek täze media platformasy bolar. Bu ugurda köp işler edildi, hünärmenler jemgyýetiniň gelen netijelerini aldyk, şeýle platformalary döretmek ugrundaky hünärmenleri çekdik we metbugat forumynda başlangyç ederis» — diýip, Babuşkin gürrüň berdi.

Şu ýyl bu çärä Azerbaýjandan, Eýrandan, Türkmenistandan, Gazagystandan wekiliýetleriň, şeýle hem Belarusyň we Özbegistanyň wekilleriniň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Forumyň çäginde «Hazar möwsümleri» festiwaly açylar we «Serhetsiz Hazar» atly žurnalistika eserleriniň halkara bäsleşiginiň netijeleri jemlener.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.