Ýazylan 02.11.2023
Türkmenistanyň Ministler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentliginde “Merkezi Aziýa – koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary boýunça mejlis geçirildi.
Duşuşyk utgaşykly görnüşde “Elektron hökümeti we elektron hyzmatlary: Jemgyýetçilik hyzmatlaryny gowulandyrmak hem-de raýatlar bilen özara gatnaşyklary ýokarlandyrmak maksady bilen, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmagyň mümkinçilikleri” atly mowzuk bilen geçdi. Duşuşyga Tüurkmenistanyň, Koreýa Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar özleriniň waekilçilik edýän ýurtlarynda maglumat-kommunikasýa tehnologiýalary ösdürmek boýunça alnyp barylýan çäreler barada gürrüň berdiler. Şeýle hem olar maglumat infrastrukturasyny ösdürmek býounça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Koreýa Respublikasy bilen ýakyn hyzmtadaşlygyň ýola goýlandygyny bellediler. Koreýa maglumat-tehnolgiýoalary senagatynda uly üstünlikleri gazandy hem-de halkara bazarynda öz ornuny pugtalandyrdy.
“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň wekilleri ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmagyň çäklerinde durmuşa geçirilýän çäreler, şol sanda “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2019-2025-nji ýyllar üçin konsepsiýasynda”, şeýle hem “Türkmenistanda elektron resminama dolanyşygy ulgamyny döretmek we ornaşdyrmak hem-de Internet web-saýtlary işläp taýýarlamak hakyndaky” çözgütde göz öňünde tutulan çäreler bilen tanyşdyrdylar. Agentligiň Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edara hökmünde kesgitlenendigini bellemek gerek.
Toplumlaýyn sanlylaşdyrmak Türkmenistanda 2025-nji ýyla çenli sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň strategik konsepsiýanyň bölegi bolup durýar. Türkmenistan innowasion ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar, önümçilikde edaralarda we durmuşda maglumat tehnologiýalary giňden ulanylýar.
“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň hünärmenleriniň tagallalary bilen türkmenistanlylar üçin 2G, 3G, 4G ulgamlarynyň üsti bilen internet hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin dürli mümkinçilikler döredildi, Wi-Fi jemgyýetçilik toruna elýeterlilik üpjün edildi.
“Türkmentelekom” elektroaragatnaşyk kompaniýasy ýurdumyzda internet – akymyň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmagyň üstünde işleýär. Bu maksat bilen Yslam ösüş banky bilen bilelikdäki taslamanyň çäklerinde internet torunyň infrastrukturasy döwrebaplaşdyryldy, kommutasiýa we marşrutizasiýa üçin täze enjamlar ornaşdyryldy, şeýle hem “Türkmentelekom” elektroaragatnaşyk kompaniýasynyň merkezi serwer bölüminde hem-de Aşgabat şäheriniň telefon stansiýalarynda döwrebap serwer enjamlary oturdyldy.
Arkadag “akylly” şäheri barada aýratyn durlup geçildi. Bu innowasion şäheriň IT infrastrukturasy özünde köpsanly kompýuterleri we döwrebap enjamlary jemleýär.