Ýazylan
Türkmenistanda Döwlet ylmy-tehniki maksatnamalary işläp taýýarlamagyň, ýerine ýetirmegiň we maliýeleşdirmegiň Tertibi tassyklanyldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara şu gün --- 5-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutany Hökümet mejlisinde degişli Karara gol çekip, ony wise-premýer N.Amannepesowa sanly ulgam arkaly iberdi we oňa ylym ulgamynda täze işläp taýýarlamalary, öňdebaryjy usullary hem tehnologiýalary, ylmyň hem-de tehnikanyň soňky gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmagy has-da çaltlandyrmak babatda anyk tabşyryklary berdi.
Resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurtda alnyp barylýan ylmy-tehniki maksatnamalary işläp taýýarlamak, maliýeleşdirmek we olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek, şeýle hem täze işläp taýýarlamalaryň, öňdebaryjy usullaryň, tejribeleriň we tehnologiýalaryň, ylmyň hem-de tehnikanyň soňky gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylyşyny has-da çaltlandyrmak maksady bilen, şeýle hem «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda kabul edildi.