Ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işler bilen bagly meselelere seredildi

Ýazylan

24-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işler bilen bagly meselelere garaldy.

Bu ýerde ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň hasabatlary diňlendi. Olar welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda galla oragy gyzgalaňly dowam edýär. Möwsümi guramaçylykly geçirmek, ýygnalan hasyly galla kabul ediş kärhanalarynda bökdençsiz kabul etmek, talabalaýyk saklamak, tabşyrylan hasyl üçin gallaçylar bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Sebitleriň «ak altyn» meýdanlarynda ideg işleri, hususan-da, ýekelemek, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem häkimler ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň hemaýat-goldawlary netijesinde welaýatlarda galla oragy güýçli depginde dowam edýär. Ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak, galla kabul ediş kärhanalarynda bökdençsiz kabul etmek, önüm öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda gallaçy daýhanlar tarapyndan Watan harmanyna 1 million tonnadan gowrak bugdaý hasyly tabşyryldy. Ýurdumyzyň gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, otag etmek, ýekelemek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinlere ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak, bu önümler bilen bazarlary üpjün etmek işleri utgaşykly dowam edýär.

Daşoguz welaýatynda şaly ekilen meýdanlarda ideg etmek işleri dowam edýär, Lebap welaýatynda bolsa şaly ekişi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Ýurdumyzyň tokaý zolaklarynda, öri we ekin meýdanlarynda howanyň gyzmagy bilen baglylykda döräp biläýjek ýangynlaryň öňüni almak boýunça zerur çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Diýarymyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmakda oba hojalyk pudagyna möhüm ornuň degişlidigini belledi we gallaçy daýhanlarymyzyň tutanýerli zähmeti bilen ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylynyň gysga wagtda we ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, gyzgalaňly dowam edýän galla oragynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginiň, beýleki oba hojalyk ekinleriniň geljek ýyl üçin hasylynyň düýbüni tutmaga häzirden taýýarlyk görülmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.