Ýazylan
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Gahryman Arkadag saparynyň çäklerinde täze şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy hem-de bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Bellenilişi ýaly, bu ýerde öňdebaryjy tehnologiýalaryň we häzirki döwrüň iň gowy tejribesiniň işjeň ulanylmagy arkaly dürli maksatly desgalaryň, şol sanda önümçilik toplumlarynyň gurluşygyna möhüm ähmiýet berilýär.
Şäherde guruljak, halyçylara niýetlenen önümçilik toplumy birnäçe bölümlerden ybarat bolup, olarda uly göwrümli halylaryň, tebigatyň görnüşlerini janlandyrýan halylaryň bölümi, surat halylar bölümi, portret we sowgatlyk halylar bölümleri döredilmelidir.
Gahryman Arkadag önümçilik toplumynyň çäginde ýörite bassyrmalaryň döredilip, olarda haly dokamak üçin şertleriň üpjün edilmelidigini belledi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän seýilgähiň taslamasy, onda ýerleşdirilmegi meýilleşdirilýän şekiller bilen hem tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda täze şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda alnyp barylýan işler, şanly seneleri dabaralandyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.