Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň 102-nji mejlisine gatnaşdy

Ýazylan

Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady Geňeşiniň Ykdysady meseleler boýunça komissiýasynyň ýanyndaky doly doly ygtyýarly wekili, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Moskwa şäherinde geçirilen GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň 102-nji mejlisine gatnaşdy. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugy habar berdi.

Mejlisde GDA agza ýurtlaryň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, mejlise gatnaşyjylar 2023-nji ýylda GDA agza ýurtlaryň ykdysady ösüşi bilen bagly esasy makroykdysady görkezijiler bilen tanyşdylar. Maglumat GDA-nyň Statistika komiteti tarapyndan taýýarlanylyp, olgurama agza ýurtlaryň ykdysadyýetiniň ýagdaýyny, ösüş depginini häsiýetlendirýär, şeýle-de döwlet edaralary ýurduň syýasy, ykdysady we jemgyýetçilik durmuşyna degişli kararlary kabul edeninde ugur görkeziji bolup hyzmat edýär.

Şeýle-de 2020 — 2023-nji ýyllarda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Statistika edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň işi barada maglumat berildi.

Mejlisiň dowamynda GDA agza ýurtlaryň arasynda 2016-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda gol çekişilen Awtoulag gurluşygy pudagynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin hyzmatdaşlyk etmek baradaky Ylalaşygy durmuşa geçirmek boýunça Hereketleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Bu resminamanyň durmuşa geçirilmegi, GDA agza ýurtlaryň bu ugurdaky gatnaşyklarynyň giňelmegine hem-de awtoulag gurluşygy pudagynyň Ylalaşyga gatnaşýan döwletleriň ykdysadyýetine goşýan goşandynyň ösmegine şert döreder.

Mundan başga-da, 2013-nji ýylyň 20-nji noýabrynda GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň karary bilen tassyklanan döwletara okuw, hünär taýýarlygy we ylmy-tehniki maglumatlar pudagynda işgärleri taýýarlamak ulgamyny döretmek we ösdürmek konsepsiýasyna üýtgetme girizmek barada karar kabul edildi.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.