Russiýa Peterburgdan hem-de Nowosibirskden Türkmenistana awiagatnawlary işe girizmegi teklip edýär

Ýazylan

Russiýa Federasiýasy ýurduň birnäçe şaherlerinden Türkmenistana awiagatnawlary ýola goýmagy teklip etdi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin habar berdi.

«Meniň pikirimçe, howa we deňiz ulaglary arkaly (Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda) ýolagçy gatnawlarynyň sanyny artdyrmak baradaky gepleşikleri işjeňleşdirmek zerur. Rus tarapy Sankt-Peterburg, Ýekaterinburg, Astrahan we Nowosibirsk bilen howa aragatnaşygyny açmak, şeýle hem Hazar deňzi boýunça gämi gatnawyny ýola goýmak baradaky teklipleri öňe sürdi. Munuň medeni, taryhy, lukmançylyk we şypahana syýahatçylygynyň ösmegi üçin möhüm şertleri döretjekdigine ynanýaryn» — diýip, ilçi belledi.

Häzirki wagtda Türkmenistandan Russiýa Federasiýasyna iki awiakompaniýanyň — «Türkmenhowaýollarynyň» hem-de «S7-niň» uçuşlary guralýar. Gatnawlar Moskwa şäherine amala aşyrylýar.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.