Ýazylan
Ýakyn geljekde Türkmenistanyň we Kataryň arasynda göni howa gatnawlarynyň ýola goýulmagy ähtimal. Bu barada Aşgabat şäherinde «Türkmenhowaýollary» agentliginiň degişli ýolbaşçylary Katar Döwletiniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Al-Remaihi Ghanem Abdulla geçirilen duşuşykda beýan edildi.
Taraplar dostlukly döwletleriň arasynda howa gatnawlary ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, hususan-da, iki döwletiň arasynda göni we üstaşyr gatnawlaryň ýola goýulmagy babatynda döräp biljek soraglary öwrenmek we bu soraglary aradan aýyrmak boýunça dogry we takyk işleri alyp barmak barada pikir alyşdylar. Türkmenistanyň çäginde «Qatar Airways» awiakompaniýasynyň ýerine ýetirýän howa gatnawlary, olaryň nyrhlary, hyzmatlary barada mahabatlandyryş işlerini geçirmegiň ýola goýulmagy, «Türkmenistan awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan Aşgabat ― Doha ― Aşgabat aralygynda göni ýolagçy gatnawynyň ýola goýlan ýagdaýynda Kataryň halkara howa menzilleri tarapyndan ýeňillikleriň berilmegi we bu gatnawda üstaşyr ýolagçylaryň sanyny artdyrmak boýunça bilelikde işleri geçirmek barada hem teklipler berildi.
Şunda Katar döwletine gidýän Türkmenistanyň raýatlarynyň onlaýn wiza hyzmatyndan hem peýdalanyp biljekdiklerini aýtmak gerek.
Mahlasy, geçirilen gepleşikler ýurdumyzda Raýat awiasiýasyny mundan beýläk hem ösdürmek boýunça işleriň yzygiderli durmuşa geçiriljekdiginden habar berýär.