Ýazylan
Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Li Wonje 19-njy iýunda “Daewoo E&C” kompaniýasy tarapyndan Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde gurulýan fosfor dökünlerini öndürýän toplumyň gurluşyk meýdançasyna baryp gördi. Bu barada duşenbe güni Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berdi.
Saparyň dowamynda ilçi “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň taslama boýunça ýolbaşçysy Umytjan Ereşow bilen duşuşdy we gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy. Şeýle hem kompaniýanyň işgärlerini goldamak maksady bilen guralan agşamlyk naharyna gatnaşdy.
Toplumyň düýbüni tutmak dabarasy 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirildi. Häzirki wagtda gurluşyk meýdançasyny taýýarlamak we infrastruktura desgalaryny gurmak işleri alnyp barylýar. 2028-nji ýylda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän zawod ýylda 350 müň tonna fosfor dökünlerini we 100 müň tonna ammiak sulfaty öndürer. Önüm içerki bazarda ýerlenip, daşary ýurtlara hem eksport ediler.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmenabat himiýa zawodynyň binýadynda bu toplumy taslamak we gurmak boýunça “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen “Daewoo Engineering & Construction” kompaniýasynyň arasyndaky şertnama 2025-nji ýylyň maý aýynda gol çekildi.
“Daewoo E&C” Koreýa Respublikasynyň iri inžener-gurluşyk kompaniýalarynyň biridir. Ol 2023-nji ýylyň oktýabrynda Aşgabatda şahamçasyny açmak bilen türkmen bazarynda eýeleýän ornuny has-da berkitdi.
Источник: business.com.tm