Ýazylan
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli watandaşlaryna hem-de bagtyýar çagalara gutlag iberdi. Bu barada TDH habar berýär.
«Çagalary goramagyň halkara güni adamzadyň dostluk hem-de parahatçylyk ýörelgelerini dabaralandyrýar, çagalaryň parahat, asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamak hukuklaryny üpjün etmek babatda dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu halkara baýram biziň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary we bähbitleri baradaky baş ýörelgelerine ygrarlydygyny alamatlandyrýan sene hökmünde möhüm ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, biz dünýä bileleşigi bilen birlikde, gözel Diýarymyzda bu baýramy belent dabaralara besläp, ýokary ruhubelentlikde belleýäris» diýlip gutlagda aýdylýar.
Gutlagda bellenilişi ýaly, şu ýyl bu halkara sene mynasybetli Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, Gökderede, welaýat merkezlerinde, şäherdir obalarda aýdym-sazly çäreler giňden guralýar. Çagalaryň ýerine ýetirýän aýdym-sazlary, şadyýan çaga gülküleriniň belentden ýaňlanmagy bagtyýar çagalygyň Diýary hökmünde Türkmenistanyň at-abraýyny dünýä ýaýýar.
«Ýurdumyzda çagalar aýratyn üns we gyzgyn mähir bilen gurşalyp alynýar. Sebäbi berkarar Watanymyzyň geljegi hem-de dowamatymyz bolan ýaş nesillerimiz hakynda hemmetaraplaýyn alada etmek biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz döwletimizde çagalaryň hukuklaryny we azatlyklaryny berk goraýarys. Olaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent ýörelgelerine, maşgala gymmatlyklaryna eýerip, zehininiň, ukyp-başarnyklarynyň ösmegi, dünýägaraýşynyň kämilleşmegi, bagtly durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döredýäris. Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, sebitlerimizde dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýän, ähli amatlyklary bolan çagalar baglarydyr orta mekdepleri, dynç alyş merkezlerini we seýilgähleri yzygiderli gurýarys» diýlip Türkmenistanyň Prezidentiniň gutlagynda bellenilýär.
Bellenilişi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç körpelerimiziň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, mynasyp durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek ugrunda dünýä nusgalyk asylly işler durmuşa geçirilýär.
Gutlagda: «Biz dünýä ýurtlary we halkara guramalar, aýratyn-da, Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bolan Çagalar gaznasy, Ilat gaznasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen eneleriň we çagalaryň saglygyny hem-de hukugyny goramak, ýaş nesillere ýokary ahlak gymmatlyklary esasynda bilim-terbiýe bermek bilen bagly hyzmatdaşlygy has-da ösdürýäris. Bularyň ählisi adamzadyň parahatçylyk, dostluk we hoşniýetli gatnaşyklar baradaky belent maksatlaryny rowaçlandyrýar» diýlip bellenilýär.