Ýazylan
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurduň Merkezi banky şu ýylyň 1-nji dekabryndan 1, 5, 10 manatlyk modifisirlenen polimer banknotlary, şeýle hem täze 200 manatlyk polimer banknoty dolanyşyga girizer.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, pullaryň esasy aýratynlygy daşky täsirlere durnuklylygydyr. Şeýle hem olaryň gorag alamatlary has güýçlendirilip, hakykylygyny tassyklaýan şekilleri wizual taýdan kämilleşdirildi.
1, 5 we 10 manatlyk banknotlaryň reňki we şekili öňki görnüşde saklanyp, olarda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň nyşany şekillendirilendir. 200 manatlyk banknotyň ýüz tarapynda «Arkadag» binasynyň, arka tarapynda bolsa Arkadag şäher häkimliginiň dolandyryş binasynyň şekili ýerleşdirilipdir.
Bu banknotlar Türkmenistanyň çäginde eýeçiliginiň görnüşine we alyp barýan iş ugruna garamazdan, tölegleriň ähli görnüşleri boýunça hökmany kabul edilmäge degişlidir. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň 2009-njy, 2012-nji, 2014-nji, 2017-nji we 2020-nji ýyllaryň nusgasyndaky ähli banknotlary Türkmenistanyň çäginde kanuny töleg serişdesi bolmagynda galýar.