Ýazylan
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mejlisler jaýynda utgaşykly görnüşde «Halkara ulag-logistik hyzmatdaşlygy berkitmekde Türkmenistanyň durnukly ulag syýasatynyň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Oňa Türkmenistanyň hem-de Russiýa, Hytaý, Niderlandlar Patyşalygy, Türkiýe, Owganystan ýaly döwletleriň ulag edaralarynyň hünärmenleri we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary gatnaşdylar. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetindeň habar berildi.
Halkara maslahat şu ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagyna, ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň golaýlaşyp gelýän şanly 30 ýyllyk baýramyna hem-de Bütindünýä durnukly ulag gününe bagyşlandy.
Halkara ylmy-amaly maslahatda daşary ýurtly wekiller ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy berkitmek, ulgamy döwrebaplaşdyrmak boýunça pikir-garaýyşlaryny paýlaşdylar.
Günüň ikinji ýarymynda halkara maslahat öz işini «Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty we ulag diplomatiýasy», «Türkmenistanyň ulag ulgamynyň ösüşiniň ylmy esaslary», «Türkmenistanyň ulag pudagynda ylym-bilim-önümçilik arabaglanyşygy» atly bölümçelerde dowam etdi. Olarda ýurdumyzyň we daşary döwletleriň alymlarynyň 160-dan gowragynyň çykyşlary diňlenilip, degişli ugurlarda täsirli pikir alyşmalar boldy.