Türkmenistanyň Prezidenti 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda Kanunyna gol çekdi

Ýazylan

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň on birinji maslahatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň görkezmeleri esasynda ýurduň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işleriň çäklerinde işlenip taýýarlanylan birnäçe täze kanunlar we kadalaşdyryjy hukuk namalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, deputatlar «Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynyň kabul edilmegine biragyzdan ses berdiler. Türkmenistanyň Prezidenti 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda Kanunyna gol çekdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Türkmenistanyň KANUNY
Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda
1-nji madda
Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetini girdejiler we çykdajylar boýunça 131 845,1 mln. manat möçberinde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler we çykdajylar boýunça 36 500,0 mln. manat möçberinde tassyklamaly.

2-nji madda
Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Merkezleşdirilen býujetini girdejiler we çykdajylar boýunça 119 703,3 mln. manat möçberinde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler we çykdajylar boýunça 24 358,2 mln. manat möçberinde tassyklamaly.

3-nji madda
Umumydöwlet salgytlaryndan Aşgabat, Arkadag şäherleriniň we welaýatlaryň býujetlerine geçirmeleriň 2026-njy ýyl üçin kadalyk ölçeglerini şu aşakdaky möçberlerde bellemeli:
goşulan peýdadan ýerasty baha üçin alynýan baýlyklardan salgytdan salgytdan peýdalanmak üçin salgytdan

Aşgabat şäheri 5,1% 5,1% 6,0%
Arkadag şäheri 100,0% 100,0% 0%
Ahal welaýaty 96,0% 96,0% 97,0%
Balkan welaýaty 25,0% 25,0% 24,0%
Daşoguz welaýaty 100,0% 100,0% 100,0%
Lebap welaýaty 100,0% 100,0% 100,0%
Mary welaýaty 80,0% 81,0% 81,0%

4-nji madda
2026-njy ýylda Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetinden Arkadag şäheriniň we welaýatlaryň býujetleriniň deňeçerligini üpjün etmek üçin olara 3 379,2 mln. manat möçberinde serişdeleri bölüp bermeli, şol sanda:

Arkadag şäheri 256,9 mln. manat
Daşoguz welaýaty 1 911,3 mln. manat
Lebap welaýaty 1 211,0 mln. manat

5-nji madda
Ýerli býujetleri 15 521,0 mln. manat möçberinde, şol sanda Aşgabat, Arkadag şäherleriniň we welaýatlaryň býujetlerini aşakdaky möçberlerde tassyklamaly:

Aşgabat şäheri 2 742,8 mln. manat
Arkadag şäheri 299,9 mln. manat
Ahal welaýaty 1 893,8 mln. manat
Balkan welaýaty 1 662,3 mln. manat
Daşoguz welaýaty 2 808,7 mln. manat
Lebap welaýaty 3 125,6 mln. manat
Mary welaýaty 2 987,9 mln. manat

6-njy madda
Zähmet haky, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň goralan maddalarydyr diýip bellemeli.

7-nji madda
Býujet ýetmezçiliginiň emele gelen ýagdaýynda döwlet nesýe almalaryndan gelen serişdeler we (ýa-da) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda býujet serişdelerinden emele gelen galyndylary maliýeleşdiriş çeşmeleri bolup durýar diýip bellemeli.
2026-njy ýylda Türkmenistanyň Döwlet býujetine beýleki çeşmelerden gelip gowuşýan goşmaça girdejiler, şeýle hem girdejileriň çykdajylardan artyk gelen pul möçberleri, birinji nobatda bank karzlary boýunça bergini üzmek, döwletiň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek ugurlaryny maliýeleşdirmek üçin gönükdirilýär diýip bellemeli.

8-nji madda
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Türkmenistanyň Kanunlaryndan, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlaryndan, Kararlaryndan we Buýruklaryndan gelip çykýan zerur bolan takyklamalary Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň görkezijilerine girizmegi, şeýle hem Merkezleşdirilen we ýerli býujetleriň ýerine ýetirilmeginiň barşynda ähli çykdajy maddalary boýunça tygşytlanan serişdeleri zerur bolan ýagdaýlarda beýleki çykdajy maddalara gönükdirmegi tabşyrmaly.

9-njy madda
Hökmany döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasyna pensiýa gatançlary Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň býujetiniň girdejiler boýunça göz öňünde tutulan meýilnamasyndan artyk gelip gowşan halatynda, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasyna tölegler Döwlet býujetiniň çykdajylar boýunça bellenen meýilnamasyndan şol möçberde artyk amala aşyrylyp bilner diýip bellemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 22-nji noýabry.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.