Aşgabatda Ýewropa medeniýetiniň günleri başlady

Ýazylan

Aşgabatda Ýewropa medeniýetiniň günlerine badalga berildi. Türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary we myhmanlary şu hepde geçiriljek gyzykly çäreleriň birnäçesine gatnaşmaga çagyrylýarlar.

Şu gün — 18-nji noýabrda, sagat 19:00-da Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrda beýik fransuz kompozitory Moris Raweliň doglan gününiň 150 ýyllygyna bagyşlanan «Bolero» atly konsert geçiriler. Konsertde sazlary Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri we Wladimir Mkrtumow ýerine ýetirer, dirižýor Resul Gylyjow bolar. Çärä girmek ähli isleg bildirýänler üçin açykdyr.

21-nji noýabrda sagat 19:00-da belli polýak pianinoçysy Woýseh Waleçegiň Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri (dirižýor — Resul Gylyjow) bilen bilelikdäki konserti bolar. Agşamky maksatnamada Frederek Şopeniň Fortepiano üçin №1 Konserti orkestr bilen ýerine ýetirilýär. Bu konsert hem ähli isleg bildirýänler üçin açykdyr.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.