Türkmenistanyň günbatar sebitinde nebit guýularynyň 360-sy gaýtadan dikeldildi

Ýazylan

Günbatar sebitde iri önümçilik kärhanalarynyň biri bolan «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň garamagyndaky müdirlikler nebit berýän guýulary abatlaýarlar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, konserniň baýry nebit-gaz känleriniň biri bolan Barsagelmez ýatagynda düýpli abatlaýjylar şu günler işleri gowşamaýan depginde alyp barýarlar. Trest boýunça şu ýylyň geçen on aýynda önüm bermesini kemelden guýularyň 341-siniň deregine 360 sany guýy gaýtadan dikeldilip, nebit çykaryjylara ulanyşa tabşyryldy.

Netijede bu babatdaky meýilnama 105,6 göterime barabar boldy. Bu görkezijileriň hasabyna bolsa tutuş trest boýunça gürrüňi edilýän döwürde goşmaça alnan nebitiň möçberi 210 müň tonna golaýlady. Munuň özi 128,6 göterim ösüş gazanylandygyny görkezýär.

«Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestinde Goturdepe, Barsagelmez, Gamyşlyja guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleri hereket edýär diýlip, habarda bellenilýär.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.