Ýazylan
Türkmenistan ýakyn wagtda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT 2025» atly XXX halkara maslahatyny we sergisini geçirer. Bu ýubileý forumyna dünýäniň 70 ýurdundan 1400-den gowrak wekiliň gatnaşmagyna garaşylýar. Forum «Energiýa. Innowasiýalar. Ösüş» şygary bilen geçirilip, halkara metbugatda giňden beýan ediler.
Forumyň resmi media hyzmatdaşlarynyň hatarynda dünýäniň öňdebaryjy neşirleri: Euronews, BNE IntelliNews, Newsbase, Interfax, Energy Intelligence, şeýle hem Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň birnäçe öňdebaryjy köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bar. Euronews teleýaýlymynyň ýörite promo-wideosynda şeýle nygtalýar: «Ýewraziýanyň ýüreginden Türkmenistan global dialoga we maýa goýumlara gapylaryny açýar».
Forumyň umumy mejlisine dünýä energetika pudagynyň öňdebaryjy wekilleri gatnaşar, olaryň arasynda DEWA kompaniýasynyň ýolbaşçysy Said Mohammed Al Tayer, Özbegistanyň energetika ministri Jurabek Mirzamahmudow, Halkara gaz birleşiginiň prezidenti Andrea Steger, S&P Global kompaniýasynyň wise-prezidenti doktor Daniel Ýergin bar.
Forumda dünýä energetika howpsuzlygy, tehnologiki innowasiýalar we nebit-gaz pudagyndaky maýa goýum mümkinçilikleri boýunça esasy meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. «Geljegiň arassa energiýasy: innowasiýalar, wodorod we metan zyňyndylaryny azaltmak» atly mejlisiň çäklerinde ekologiýa meselelerine aýratyn üns berler. Bu mejlis BMG-niň we BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň hünärmenleriniň we bilermenleriniň gatnaşmagynda guralar.
Energetika dialogynyň we hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyny belleýän OGT–2025 forumy Türkmenistanyň Gündogar bilen Günbatary baglanyşdyrýan ygtybarly energetika hyzmatdaşydygyny nobatdaky gezek tassyklamak bilen görkezýär.
Turkmenportal forumyň resmi media hyzmatdaşy hökmünde eksklýuziw täzelikler, interwýular we mejlisleriň işiniň barşy barada esasy pursatlary bilen Aşgabatdan gönümel maglumatlary öz okyjylaryna ýetirer.