Türkmenistanyň söwda ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ýaponiýada iş saparynda boldy

Ýazylan

30-njy awgust — 3-nji sentýabry aralygynda Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýanyň Osaka we Tokio şäherlerine iş saparyny amala aşyrdy.

Saparyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýanyň söwda we dokma senagaty pudagynda işleýän guramalary we kompaniýalary bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.

Tokio şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy, «ITOCHU» korporasiýasynyň Direktorlar geňeşiniň agzasy, Ýerine ýetiriji wise-prezidenti, Maşynlary we enjamlary öndürmek boýunça kompaniýasynyň prezidenti H.Tsubaý bilen duşuşyk geçirildi. Şeýle-de N.Agahanow Ýaponiýanyň Daşary söwda guramasynyň (JETRO) prezidenti N.Işiguro bilen hem duşuşdy.

Osaka şäherinde, «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisindäki Türkmenistanyň Milli pawilýonynda türkmen wekiliýeti bilen Ýaponiýanyň «EKSPO — 2025» assosiasiýasynyň Baş sekretarynyň orunbasary M.Içinokiniň duşuşygy geçirildi. Şeýle-de türkmen wekiliýeti «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisindäki Saud Arabystany Patyşalygynyň milli pawilýonynyň komissary, Katar döwletiniň milli pawilýonynyň direktory hem-de «Masui Co. Ltd» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşdy.

Agzalan duşuşyklaryň çäklerinde taraplar ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistandaky mümkinçiliklerini, eksport-import gatnaşyklaryny ösdürmek meselelerini hem-de türkmen dokma önümlerini ýapon bazaryna çykarmak boýunça başlangyçlary öňe sürmegi ara alyp maslahatlaşdylar.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.