TurkmenAlem52.0Е – 6 ýyl geostasionar orbitada

Ýazylan 27.04.2021

“TurkmenAlem52.0E”, “Thales Alenia Space” fransuz kompaniýasy tarapyndan “Spacebus” hemra platformasy esasynda gurlan ilkinji türkmen aragatnaşyk hemrasydyr. Ol 2015-nji ýylyň 28-nji aprelinde ABŞ-nyň Kanaweral burnyndaky kosmodromdan uçuryldy. Hemra geostasionar orbitada ýerleşýär we signaly bilen Ýewropanyň, Merkezi Aziýanyň Ýakyn Gündogaryň köp bölegini öz içine alýar.
Türkmenistanyň Hormatly prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bellemegine görä, öz emeli hemramyzyň bolmagy, ýurtda aragatnaşyk we internet ulgamlarynyň, telewideniýäniň ösüşini çaltlaşdyrmaga, daşky gurşaw maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine goşant goşmaga, täze ýataklary gözlemek usullaryny kämilleşdirmäge, şeýle hem birnäçe beýleki döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge oňyn täsirini ýetirer.
Ynha, uçurylandan eýýäm 6 ýyl bäri “TurkmenAlem52.0E” aragatnaşyk hemrasy arkaly, “Türkmen Hemrasy” ÝGPJ, ýokary hilli aragatnaşyk hyzmatlaryny bermek meselesini üstünlikli çözýärler.
“Türkmen Hemrasy” ÝGPJ, aragatnaşyk, teleradiokompaniýalaryň operatorlaryna we hemra aragatnaşyk bazarynyň beýleki gatnaşyjylaryna hemranyň operatory hökmünde kosmos ulgamynyň giňişligine girmegi teklip edýär.
“TurkmenAlem52.0E” hemrasynyň çeşmeleri aragatnaşyk hyzmatlaryny we sanly tele we radio ýaýlymlaryny gurnamak, VSAT torlaryny döretmek, giň zolakly interneda girmek, emeli hemra giňişliginde pudaklaýyn we korporatiw aragatnaşyk torlaryny gurnamak üçin giň mümkinçilikleri döredýär.
2018-nji ýylda “Türkmen Hemrasy” ÝGPJ öz FSS Teleportyny gurdy we “Newtec Dialog” platformasy esasynda, birnäçe VSAT torlaryny ýerleşdirildi. Bu bolsa “TurkmenAlem52.0E” hemrasynyň kuwwatyny netijeli peýdalanmaga we ulanyjylaryň sanyny artdyrmaga, şeýle hem berilýän hyzmatlaryň hilini we maglumat geçiriş mukdaryny ýokarland

yrmaga mümkinçilik döretdi.
Ondan başga-da “Türkmen Hemrasy” ÝGPJ ýaýlym pudagynda işjeň işleýär we ilatyň ýokary hilli teleýaýlym göwrümine bolan islegini kanagatlandyryp biljek birnäçe teleýaýlym bukjalaryny tomaşaçylara hödürleýär.
Eýýäm üç ýyldan gowrak wagt bäri “Wide Network Solutions” media üpjünçisi, “TurkmenAlem52.0E” aragatnaşyk hemrasy arkaly FTA (açyk ýaýlym) platformasynda pars, puştun we dari dillerinde 90-dan gowrak tele we radiolary ýaýlymlary berýär.
2020-nji ýylda “Big Bang Web Ltd” we “Aref Marouf L.t.d.” kompaniýalary rus, türk, iňlis we özbek dillerinde 100-den gowrak tematiki HD we Full HD teleýaýlymlary bolan DTH (göni öýe) telewizion platformasyny açdy.
Hemrada eýýäm bar bolan 11 sany milli türkmen tele we radio ýaýlymlary bilen bir hatarda häzirki wagtda “TurkmenAlem52.0E”-de tele we radio ýaýlymlaryň umumy sany 200-den geçýär.
2017-nji ýylda, Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda, Halkara ýaýlym beriş we metbugat merkeziniň Milli hemra aragatnaşyk merkezinde, “TurkmenAlem52.0E” hemrasynyň kömegi bilen ýokary tizlikli internetiň üpjün edilendigini we ses we wideo maglumatlarynyň wagtynda dünýäniň ähli ýurtlaryna geçirilendigini ýatladýarys.
Mundan başga-da, häzirki wagtda “Türkmen Hemrasy” ÝGPJ-iň dünýäniň onlarça öňdebaryjy emeli hemra aragatnaşyk kompaniýalary bilen baglaşylan şertnamalar esasynda hyzmatdaşlyk edýändigini bellemelidiris. “TurkmenAlem52.0E” hemrasy ýokary hilli aragatnaşyk hyzmatlarynyň berilmegi netijesinde, hemra aragatnaşyk bazarynda özüni Günbatar we Gündogar ýurtlarynyň arasynda öz wagtynda maglumat alyşmagyň möhüm bölegi hökmünde tanatdy.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.