Ýazylan
Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda we sebitlerinde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki bilen welaýatlaryň häkimleri dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabatlary berdiler. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişine guramaçylykly girişmek we bu jogapkärli möwsümi agrotehniki möhletlerde geçirmek maksady bilen, degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ekini mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem welaýatlarda pile öndürijiler bilen şertnamalar baglaşylyp, ýüpekçi kärendeçileri ýüpek gurçugynyň tohumy bilen üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Häkimler Türkmenistany 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident Maksatnamasyna hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hem hasabat berdiler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagynyň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we häkimlere degişli tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutany ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Iş maslahatynyň barşynda wise-premýer T.Atahallyýew hem ýurduň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk işlerinde agrotehnikanyň kadalarynyň berjaý edilmeginiň ekinlerden bol hasyl almaga, önümiň hilini ýokarlandyrmaga, pudagyň durnukly ösüşini üpjün etmäge mümkinçilik berýändigini belledi we wise-premýere ýurduň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutany iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlarda şu ýylyň 26-njy martynda gowaça ekişine başlamak boýunça dabaraly çärelere gowy taýýarlyk görmegi, bugdaýy ikinji gezek mineral dökünleri bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini üpjün etmegi, bugdaý ekilen meýdanlarda haşal otlaryň we zyýan berijileriň garşysyna zerur bolan işleri wagtynda geçirmegi tabşyrdy.
Häkimlere ýazlyk ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ekişini çaltlandyryp, bu ekinleriň ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk alnyp barlyşyna berk gözegçilik etmek, welaýatlarda pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini gazanmak hem-de pile öndürmek möwsümine gowy taýýarlyk görmek babatda-da tabşyryklar berildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.