Ýazylan
21-nji martda Türkmenistanda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz güni giňden garşy alyndy. Däp bolşy ýaly, Milli bahar baýramynyň esasy çäreleri Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda” badalga aldy.
“Nowruz ýaýlasynda” guralan dabaralarda joşgunly aýdym-sazlar belentden ýaňlandy. Folklor-etnografik sahna eserlerinde, artistleriň sahnalaşdyrylan çykyşlarda Halkara Nowruz gününiň taryhy däpleri beýan edildi.
Bu ýerde bezelen ak öýler dikilip, türkmen obasynyň gözel keşbi emele geldi. Olarda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş, maşgala bilen bagly däp-dessurlary, oba durmuşynyň aýratynlyklary şöhlelendirildi. Şeýle-de bu ýerde milli amaly-haşam sungatynyň eserleri, milli senetleriň görnüşleri görkezildi.
“Nowruz ýaýlasynda” gyzykly milli oýunlardyr bäsleşikler hem guraldy şeýle-de bu ýerde türkmen halkynyň özboluşly medeniýetiniň möhüm bölegi bolan milli tagamlaryň dürli görnüşleri görkezildi. Bugdaýa un we şeker goşulyp taýýarlanylýan "semeni" Nowruzyň esasy tagamydyr.
Ahalteke bedewlerine atlanan ezber çapyksuwarlar Türkmenistanda geçirilýän milli baýramçylyklaryň bezegidir.
Şu gezekki giň gerimli baýramçylyk dabarasyna köp sanly daşary ýurtly syýahatçylaryň gatnaşandygyny hem bellemek gerek. Daşary ýurtly myhmanlar şatlyk-şagalaňy, aýdym-sazlary, tanslary öz içine alýan uly türkmen toýuna mahsus dabaranyň şaýady bolmaga mümkinçilik aldylar.
Şeýle-de Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralar ýurdumyzyň welaýatlaryndaky “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň öňündäki meýdançalarda, Arkadag şäherinde hem geçirildi.