Ýazylan
Ozal habar berşimiz ýaly, Arkadag şäheriniň häkimliginiň maslahat zalynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ynsanperwerlige esaslanýan taryhy başlangyçlary: howandarlygyň we çagalara mähirli garaýşyň nusgalyk tejribesi» atly maslahat geçirildi.
Maslahatyň barşynda BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýata mätäç çagalara kömek etmekde 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň binýatlyk “Hiç kimi yzda galdyrmazlyk” ýörelgesini berjaý etmekde gymmatly goşandy üçin mynasyp bolan güwänamasyny gowşurdy. Bu barada TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, D.Şlapaçenko forumyň ösüp gelýän nesliň saglygyny goramak babatdaky meseleleri netijeli çözmekde ýene-de bir möhüm ädim boljakdygyny nygtap, gazna asylly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Forumyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen gününe bagyşlanyp geçirilýän çäreleriň çäklerinde döwlet Baştutanynyň “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy-da boldy.
Agşam çärelere gatnaşyjylar üçin agzaçar sadakasy berildi.