“Türkmen hemrasy” ÝGPJ-i iş maslahatyny geçirdi.

Ýazylan 01.03.2021

2021-nji ýylyň 26-njy fewralynda, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymlary we talyplary bilen “Türkmen hemrasy” ÝGPJ-niň hünärmenleri, “TürkmenÄlem 52.0E” Milli emeli aragatnaşyk hemrasynyň transponderleriniň işjeňlik kuwwatyny ýaýbaňlandyrmak boýunça bilelikdäki iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda, “Türkmen hemrasy” ÝGPJ-niň hünärmenleri tarapyndan, “TürkmenÄlem 52.0E” Milli emeli aragatnaşyk hemrasynyň tehniki häsiýetnamalary, hemra aragatnaşyk hyzmatlarynyň görnüşleri, hyzmatlary içerki we daşarky bazara ýerlemek boýunça marketing strategiýalary, hyzmatlaryň nyrhlarynyň emele geliş tertibi, dünýäde hemra aragatnaşyk ulgamynyň ösüşi, şeýle hem, mahabatlandyrmak barada birnäçe soraglar ara alnyp maslahatlaşyldy. Institutyň mugallymlary we talyplary, hemra aragatnaşygynyň ýerine ýetirýän hyzmatlary, ýurdymyzyň içerki we daşarky bazardaky ähmiýeti, beýleki emeli hemra operatorlar bilen ara baglanşygy barada gyzyklanma bildirip gürrüňdeşlikler geçirildi.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.