Ýazylan
Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň "Türkmenenergogurluşyk" konserniniň degişli döwlet kärhanasyna Aşgabatda ýerleşýän asma ýolunyň binalarynda we desgalarynda, şeýle hem ýanaşyk ýerlerinde düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek barada "Röwşen" hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda degişli Karara gol çekdi.
Düýpli abatlaýyş işlerine 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda başlamak we desgany 2026-njy ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.
Karar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Aşgabat şäheriniň şähergurluşyk-binagärlik keşbini has-da gözelleşdirmek, şeýle hem paýtagtyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almaklary üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen kabul edildi.