Ýazylan 15.02.2021
Hormatly Prezidentimiziň, “TürkmenÄlem 52.0E” Milli emeli aragatnaşyk hemrasynyň transponderlerini ýerlemek boýunça beren tabşyryklaryndan ugur alyp, “Türkmen hemrasy” ÝGPJ-i, içerki we daşarky bazarda “TürkmenÄlem 52.0E” Milli emeli hemra aragatnaşygynyň transponderlerini ýerlemekde mahabatlandyrmagy we hyzmatdaşlygy ösdürýär. 2021-nji ýylyň ilkinji günlerinden başlap, öň bar bolan hyzmatdaşlarymyz Owganystan Yslam Respublikasynyň “Çinar Media” we Belgiýa Patyşalygynyň “SatADSL” kompaniýalary bilen şertnamalaryň möhleti üzaldyldy. Mundan daşary, Germaniýanyň “Axess Network” we Türkiýanyň “ITV Yayincilik” kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşyga gol çekişildi. Geljekde, bu kompaniýalar bilen ikitaraplaýyn bähbitli taslamalary amala aşyrmagy maksat edinýäris.
Şeýle-de, Sanly ulgam arkaly mahabatlandyrmak maksady bilen, ýurdymyzda hereket edýän habar beriş agentlikleri bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Emeli hemramyzyň hyzmatlaryny içerki bazara hödürlemekde, “Orient.tm” habar beriş agentligi arkaly dürli internet çeşmelerde mahabatlandyrylýar.