Belarus Liderinden Türkmenistanyň Prezidentine gutlag haty geldi

Ýazylan

Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa gutlag iberdi. Bu gutlag haty "Türkmenistan" gazetinde çap edildi. Onda, hususan-da, şeýle diýilýär:

"Sizi hem-de Türkmenistanyň ähli halkyny Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Belarus Respublikasynda Siziň baştutanlygyňyzda yzygiderli alnyp barylýan Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetine ýokary baha berilýär. Bu syýasat sebit we ählumumy derejede durnuklylygyň, howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigine, dostluk we ynanyşmak, birek-birege düşünişmek ýörelgeleriniň berkidiljekdigine ynanýaryn. Munuň özi döwletlerimiziň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk hem-de öňde goýlan maksatlara ýetmekde uly üstünlikleri, türkmen halkyna bolsa abadançylyk, parahatçylyk arzuw edýärin!".

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.