TürkmenTel-2020

Ýazylan 26.11.2020

2020-nji ýylyň 24-25 nji noýabrynda Türkmenistanyň Söwda-Senagat edarasynda “TürkmenTel-2020” XIII Halkara onlaýn konferensiýasy geçirildi. Konferensiýa, aragatnaşyk ulgamynda işleýän Türkmenistanyň we daşary ýurt kompaniýalaryň wekilleri, bilermenler we işewürler gatnaşdylar.

Konferensiýanyň birinji gününde jemgyýetimiziň direktory Orazdurdyýew Batyr çykyş etdi.

Türkmenistanda hemra aragatnaşyk ulgamynyň ösüşi barada eden çykyşynda ol hususanam şulary belläp geçdi.

“Türkmenistan ösüş ýoluna ynam bilen barýar. Bilşiňiz ýaly, 2015-nji ýylda ilkinji aragatnaşyk hemramyz "TürkmenÄlem 52.0E" orbitada uçuryldy, bu bolsa ýurdumyzyň daş künjeklerinde aragatnaşyk üpjün etmäge, ýokary tizlik bilen maglumat akymlaryny ibermäge we almaga mümkinçilik berdi. Şol ýylda "Türkmen hemrasy" ÝGPJ-i döredildi.

Häzirki wagtda hemra aragatnaşygy ýurduň dürli pudaklarynda we infrastrukturasynda ulanylýar. Berilýän hyzmatlaryň esasy görnüşleri: emeli hemra segmentini kärendesine bermek, telewideniýe we radio ýaýlymy, giň zolakly internete girmek, aragatnaşyk operatorlar üçin tranzit hyzmaty, wideo konferensiýa hyzmatlary, telemedisina.

“Türkmen hemrasy” ÝGPJ-niň direktory çykyşynyň ahyrynda ähli gyzyklanýan aýry-aýry kompaniýalar we abraýly halkara guramalary bilen özara peýdaly gatnaşyklary berkitmäge ünsi jemleýändigini aýtdy.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.