Türkmenistanyň çäginde işleýän ýerli işewürler üçin, “Türkmen hemrasy” ÝGPJ-niň hemra aragatnaşygy arkaly internet hyzmatynyň baha nyrhnamasy almak we birikmek üçin ýerine ýetirilmeli işler

1. Gyzyklanma bildiren tarapar, resmi hat üsti bilen “Türkmen hemrasy” ÝGPJ-ne ýüz tutmaly.

2. “Türkmen hemrasy” ÝGPJ-i tarapyndan müşderiniň ýüz tutan hatyna laýyklykda, baha hasaplamasyny we şertnamanyň nusgasyny müşderä ýollanylýar.

3. Müşderi tarapyndan baha hasaplamany kabul edip, şertnama iki taraplaýyn gol çekilenden soň, “Türkmen hemrasy” ÝGPJ-i, Redioýygylyklar toparyndan geçmek üçin, müşderä resmi ýagdaýda ýygylyklaryň berkidilendigi barada hat berýär.

4. Müşderi, Radioýygylyklar toparyndan geçendigi barada habar bereninden soň, “Türkmen hemrasy” ÝGPJ-i enjamlary müşderiniň sargyt eden ýerine gurnap, hemra internetyna tizligine görä birikdirýär.

BIZ BILEN HABARLAŞYŇ