Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde gulluk iş saparynda bolar

Ýazylan

Arkadag şäherine Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragynyň gowşurylmagy mynasybetli geçiriljek dabara gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2024-nji ýylyň 8 — 10-njy dekabry aralygynda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde gulluk iş saparynda bolar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 6-njy dekabrda degişli Buýruga gol çekdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.