Ýazylan
Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün – 6-njy martda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda» Permana gol çekdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
«Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 54-nji, 56-njy, 72-nji we 83-nji maddalaryna laýyklykda kabul edilen resminama esasynda:
Rahman Joragulyýewiç Hojiýew Mary welaýatynyň Mary şäher kazyýetiniň başlygy wezipesine bellenip, ol Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy;
Ogulnabat Döwletmyradowna Sähetmyradowa Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenip, oňa kazynyň 5-nji hünär derejesi berildi;
Illi Pirmuhammedowiç Annaýew Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenip, oňa kazynyň 5-nji hünär derejesi berildi;
Öregeldi Ýusupowiç Amanjanow Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenip, oňa kazynyň 5-nji hünär derejesi berildi;
Döwran Ýagmyrowiç Altyýew Mary welaýatynyň Mary etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenip, oňa kazynyň 5-nji hünär derejesi berildi;
Ogulsuraý Borjakowna Baýramsähedowa Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellenip, oňa kazynyň 5-nji hünär derejesi berildi;
Jennet Ýakubowna Baýramowa Ahal welaýatynyň Tejen etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellenip, oňa kazynyň 5-nji hünär derejesi berildi;
Merdan Alymowiç Alymow Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellenip, oňa kazynyň 5-nji hünär derejesi berildi;
Enwer Bagtyýarow Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellenip, oňa kazynyň 5-nji hünär derejesi berildi;
Öwezdurdy Süleýmanowiç Ataýew Lebap welaýatynyň Darganata etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellenip, oňa kazynyň 5-nji hünär derejesi berildi;
Gülröwşen Hemraýewna Annaýewa, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy;
Rozymyrat Durdyweliýewiç Hudaýberdiýew, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy;
Şöhrat Dädebaýewiç Weljikow, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Lebap welaýatynyň Dänew etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşadyldy;
Rustam Hamraýewiç Atajanow Mary welaýatynyň Mary şäher kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşadyldy.