Ýazylan
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystanyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadag hem-de dostlukly ýurduň Hökümetiniň Başlygy döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirip, özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşe eýedigini bellediler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Saud Arabystanynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministrine “Bitewi suw” sammitine gatnaşmaga çakylygy üçin minnetdarlyk bildirip, bu çäräniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň iberen mähirli salamyny ýetirdi.
Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud Gahryman Arkadag bilen duşuşygyň aýratyn hormatyň we dostlugyň nyşanydygyny belläp, sammite işjeň gatnaşandygy üçin hoşallyk bildirdi hem-de hut öz adyndan we Saud Arabystanynyň Patyşasy Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Salman ben Abdelaziz Al Saudyň adyndan türkmen döwletiniň Baştutany Serdar Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şunda Saud Arabystanynyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara we netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygy tassyklanyldy.
Türkmen-saud hyzmatdaşlygynyň geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda iki ýurduň halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG-niň we beýleki abraýly düzümleriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýändikleri nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, şu gezekki sammitiň hem-de Türkmenistanyň öňe süren anyk teklipleriniň ähmiýetine üns çekildi.
Söhbetdeşler ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagy, energetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýändiklerini tassykladylar. Medeni-ynsanperwer ulgamda-da gatnaşyklar üstünlikli ösdürilýär. Munuň özi iki halkyň ýakynlaşmagy, köpasyrlyk dostlugyň pugtalandyrylmagy üçin köpri bolup hyzmat edýär. Şunda taryhyň dowamynda emele gelen, iki doganlyk halky birleşdirýän ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň umumylygy möhüm ähmiýete eýedir.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud birek-birege we iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.