Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Bitewi suw” sammitindäki çykyşy

Ýazylan

Hormatly sammite gatnaşyjylar!
Hanymlar we jenaplar!

Ilki bilen, Fransiýanyň, Gazagystanyň we Saud Arabystanynyň Hökümetlerine ählumumy gün tertibinde duran hem-de birnäçe möhüm soraglary çözmäge ýardam etjek bu sammiti çagyrandygy üçin minnetdarlyk bildirmek isleýärin.

Häzirki döwürde suw meselesi boýunça özara hyzmatdaşlyk umumydünýä işleriniň wajyp bölegi bolup durýar. Ol köp babatda Ýer ýüzünde durnuklylygy, ösüşi we abadançylygy üpjün etmekde mümkinçilikleri kesgitleýär. Şunuň bilen baglylykda, suwuň, sözüň doly manysynda, suw serişdeleriniň deň we adalatly ulanylmagy diňe bir syýasy-hukuk taýdan däl-de, eýsem, häzirki we geljek nesilleriň öňünde ahlak taýdan jogapkärçilik babatda hem aýgytly şert bolup çykyş edýär. Suw meselesi boýunça köptaraply dialogyň netijesi kesgitlenende oňa gatnaşyjylar iki sany esasy düzgüne, ýagny suw serişdeleriniň aýawly ulanylmagyna hem-de adalatly paýlanylmagyna gürrüňsiz eýermelidir diýip hasap edýäris. Türkmenistan suwy ulanmaga halklaryň, her bir adamyň tebigy hukugynyň bardygyny hemişe berk we üýtgewsiz beýan edýär. Bu kadany geljekde-de Merkezi Aziýa üçin ähli aýdyňlygy bilen ulanarys. Sebitde suw serişdeleri birnäçe taryhy, medeni we tebigy-geografik ýagdaýlar sebäpli, aýratyn gymmatlyga hem ähmiýete eýedir. Biziň sebitimizde suw ykdysady, durmuş abadançylygynyň, adamlaryň maddy hal-ýagdaýynyň derejesini hem-de hilini kesgitleýän aýgytly şert bolup durýar. Şundan ugur alyp, Türkmenistan Merkezi Aziýada suw meselesiniň ähli toplumyna seredilende şu üç möhüm kadadan ugur almalydygyna ynanýar:

1. Halkara hukugyň berjaý edilmegi. Suw serişdeleri umumy baýlykdyr, onuň ulanylmagy umumy ykrar edilen kadalar, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň konwensiýasy esasynda düzgünleşdirilmelidir.
2. Özara bähbitleriň hasaba alynmagy. Kabul edilýän çözgütler sebitiň ähli döwletleriniň zerurlyklaryny göz öňünde tutmalydyr. Diňe şeýle çemeleşme adalatlylygy we durnuklylygy üpjün edip biler.
3. Bu işe halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çekilmegi. Biz suw bilen bagly başlangyçlara BMG-niň gatnaşmagynyň bu başlangyçlaryň kanunalaýyklygyny, netijeliligini berkitjekdigine ynanýarys.

Şundan ugur alyp, Merkezi Aziýada hoşniýetli goňşuçylygy, ösüşi, hyzmatdaşlygy gorap saklamak we pugtalandyrmak, sebitiň serhetüsti derýalarynyň suwundan peýdalanmagyň usulyny ýola goýmak zerur bolup durýar. Şu maksat bilen, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda bu guramanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynda suwdan peýdalanmak boýunça ştab-kwartirasy Aşgabatda bolan sebit geňeşini döretmek başlangyjyna seretmegi teklip etdi. Şeýle hem Amyderýa we Syrderýa boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň konwensiýalaryny kabul etmegi çaltlandyrmagy öňe sürdi. Bu geňeş Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisi bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edip, suw hojalygyny dolandyrmagy utgaşdyrar. Sebitiň pudaklaýyn düzümleriniň arkalaşykly işlemegini gurar, suwdan peýdalanmagyň hukuk esaslaryny işläp taýýarlar. Biz Türkmenistanyň bu başlangyjynyň öz wagtynda öňe sürlendigine ynanýarys hem-de ol amala aşyrylanda, ýakyn geljekde sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda ösüşi üpjün etmäge ukyplydyr diýip hasap edýäris.

Suw bilen bagly ýagdaýlar hakynda aýdylanda, howanyň üýtgemeginiň täsiri barada durup geçmek isleýärin. Howanyň gyzgynlygynyň ýokarlanmagy, buzluklaryň azalmagy we ygalyň düzgüniniň üýtgemegi bizden diňe bir bu ýagdaýlara uýgunlaşmagy däl-de, eýsem, bilelikde gyssagly çäreleri görmegi hem talap edýär. Buzluklaryň Türkmenistandan uzakda ýerleşýändigine garamazdan, biziň ýurdumyz üçin olaryň ägirt uly ähmiýeti bardyr. Buzluklar sebitde ýaşaýşyň, oba hojalygynyň we ekoulgamyň esasy serişdesi bolan Amyderýa ýaly derýalaryň tebigy çeşmeleri bolup durýar. Biz diňe iň häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak arkaly buzluklary gorap saklamagyň mümkindigine ynanýarys. Şoňa görä-de, Türkmenistan buzluklara gözegçilik etmek, olary barlamak we goramak, şol sanda howanyň durnuklylygyny saklamak boýunça çözgütleri amala aşyrmak baradaky halkara başlangyçlara gatnaşmaga taýýardyr.

Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmaga işjeň gatnaşýan Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň esasy düzgünlerini iş ýüzünde ýerine ýetirmäge uly üns berýär. Şolaryň hatarynda altynjy maksady, ýagny arassa suwa deň elýeterliligi üpjün etmegi biz milli taýdan ileri tutulýan wezipe diýip hasap edýäris. Ýurdumyzda bu maksady durmuşa geçirmek bilen, täze suw desgalaryny gurmak, ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek üçin niýetlenen ulgamlary ösdürmek işleri yzygiderli esasda alnyp barylýar. Halkara standartlar we iň gowy tejribeler esasynda gidrotehniki desgalaryň işlemegi üçin ýörite maksatnamalar kabul edildi.

Türkmenistanyň Amyderýanyň suwuny rejeli peýdalanmak meselesine milli we sebit ösüşi üçin örän möhüm wezipe hökmünde garaýandygyny aýratyn bellemek isleýärin. Biz suw ýitgilerini azaltmak üçin suwaryşyň häzirki zaman usullaryny, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrýarys hem-de beýleki zerur çäreleri geçirýäris. Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak we Aral meselesini bu guramanyň işiniň aýratyn ugruna öwürmek barada Türkmenistanyň başlangyjyny ýatlatmak isleýärin. Baş Assambleýanyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly iki sany Kararnamasy bu babatda netijeli halkara hyzmatdaşlygy amala aşyrmak üçin esas bolup durýar.

Şeýle hem bu guramanyň Aziýa — Ýuwaş umman üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň «Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny döretmegiň şertlerine seretmek» atly Kararnamasyny bellemek zerurdyr. Bu örän möhüm resminamalaryň kanunlaşdyrylmagy Aral soraglary boýunça ähli halkara işiň kesgitleýji ugurlaryndan biri bolmalydyr diýip hasap edýäris. Bu soragda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň we gaznanyň Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk komissiýasynyň işine örän aýratyn orun degişlidir. Bu düzümler möhüm ähmiýeti bolan wezipeleri çözmegiň üstünde işleýär. Şoňa görä-de, olaryň işi diňe bir gazna gatnaşyjy döwletleriň ýardam bermegine däl-de, eýsem, giň we yzygiderli halkara goldawa hem daýanmalydyr.

Hormatly sammite gatnaşyjylar!

Türkmenistan suw serişdelerini dolandyrmagyň netijeli we durnukly ulgamyny döretmek üçin dünýä bileleşiginiň öz tagallalaryny birleşdirmäge ukyplydygyna ynanýar. Munuň özi bizden sebit hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmegi, ylmy barlaglary işjeň alyp barmagy, täze tehnologiýalary ornaşdyrmagy talap edýär. Ýakyn wagtda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezi işläp başlar. Türkmenistanyň Hökümeti bu täze düzüme öz wezipelerini we maksatlaryny netijeli amala aşyrmak üçin doly ýardam berer hem-de iň amatly şertleri üpjün eder.

Hormatly sammite gatnaşyjylar!

Çykyşymy tamamlamak bilen, Türkmenistanyň suw meselesi boýunça Birleşen Milletler Guramasy we beýleki ýöriteleşdirilen halkara düzümler, öz goňşularymyz hem-de hyzmatdaşlarymyz bilen aýdyňlyk we adalatlylyk, özara jogapkärçilik, bähbitleri hasaba almak esasynda mundan beýläk-de ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge hemişe taýýardygyny tassyklamak isleýärin. Pursatdan peýdalanyp, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe, Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona hem-de Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Sauda häzirki döwürde örän möhüm ähmiýete eýe bolan meselelerde başlangyçly çykyş edýändikleri üçin ýene-de bir gezek minnetdarlygymy bildirmek isleýärin.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.