II türkmen-özbek sebitara forumy ýokary netijeli geçirildi

Ýazylan

Özbegistanda öndürilen harytlaryň milli sergisiniň ikinji gününde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň II sebitara forumy geçirildi. Foruma iki ýurduň söwda, maliýe düzümleriniň ýolbaşçylary, welaýat häkimleri, hususy pudagyň wekilleri gatnaşdylar diýip, TDH habar berýär.

Türkmen tarapynyň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, şeýle çäreleriň geçirilmegi asylly däbe öwrülip, iki ýurduň we halkyň arasyndaky mizemez dostlugyň güwäsi bolup durýar. Iki ýurduň döwlet Baştutanlary däp bolan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berýärler. Ýokary derejede geçirilýän duşuşyklarda kabul edilýän çözgütler hyzmatdaşlyga täze itergi berýär. Şunda sebitara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Şu maksat bilen, 2022-nji ýylda Buharada Türkmen-özbek I sebitara forumy üstünlikli geçirildi. Şu ýylyň iýulynda bolsa Daşkentde Türkmenistanda öndürilen harytlaryň sergisi guraldy.

Aşgabat hem-de Daşkent şäherlerinde bilelikdäki söwda öýleri açyldy. Häzirki wagtda «Daşoguz — Şabat» geçiriş-gözegçilik nokadynda türkmen-özbek serhetýaka söwda merkeziniň gurluşygy dowam edýär. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi söwda amallaryny ýönekeýleşdirmäge, sebitleriň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, medeni-durmuş hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge ýardam berer.

Serhetýaka söwdanyň ilerledilmegi iki ýurduň serhetýaka sebitlerini ösdürmäge hem itergi berer. Awtomobil ýollarynyň, demir ýol şahalarynyň, ammarlaryň we beýleki infrastruktura desgalarynyň gurulmagy hem-de döwrebaplaşdyrylmagy Türkmenistanyň Lebap, Daşoguz welaýatlarynyň, Özbegistan Respublikasynyň Buhara, Horezm welaýatlarynyň ykdysadyýetleriniň kuwwatyny artdyrmaga goşant goşar. Umuman, serhetýaka söwda zolaklarynyň döredilmegi kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge giň mümkinçilikleri açýar.

Özbek tarapynyň çykyşlarynda şu gezekki forumyň we Özbegistanda öndürilen harytlaryň milli sergisiniň iki ýurduň işewürleriniň arasynda täze gatnaşyklary ýola goýmakda, hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmakda ähmiýetli bolup durýandygy bellenildi. Forum hyzmatdaşlygyň gün tertibinde orun alan meseleleriň giň toplumy barada pikir alyşmak, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin meýdança bolup çykyş etdi. Munuň özi iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge itergi berer.

Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň durnukly ösýändigine üns çekildi. Iki ýurduň işewürlerine döredilýän ýeňillikler sebitara hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, özbek tarapynyň özara söwda dolanyşygyny artdyrmaga taýýardygy tassyklanyldy.

Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Olarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, serhetýaka söwda-maýa goýum mümkinçiliklerini mundan beýläk-de ösdürmek, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky dialogy işjeňleşdirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.